Ï Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 3503

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýýa Sanduwа we ýurduň ähli halkyna Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Maýýa Sanduwа berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Moldowa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.