Ï Nureddin Nyýazow: kerkili ussat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nureddin Nyýazow: kerkili ussat

view-icon 5412
Nureddin Nyýazow: kerkili ussat
Nureddin Nyýazow: kerkili ussat
Nureddin Nyýazow: kerkili ussat
Nureddin Nyýazow: kerkili ussat
Nureddin Nyýazow: kerkili ussat
Nureddin Nyýazow: kerkili ussat
Nureddin Nyýazow: kerkili ussat
Nureddin Nyýazow: kerkili ussat
Nureddin Nyýazow: kerkili ussat
Nureddin Nyýazow: kerkili ussat
Nureddin Nyýazow: kerkili ussat
Nureddin Nyýazow: kerkili ussat
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Nureddin Nyýazowyň 75 ýyllygyna bagyşlanan «Ýer – biziň öýümiz» atly şahsy surat sergisi açyldy.

Nureddin Nyýazow ýurdumyzyň Günorta-Gündogarynda ýerleşýän kiçeňräk Kerki şäherinde dünýä indi. Suratkeşlik bilimini Duşanbe şäherindäki çeperçilik mekdebinde aldy. Etrap şäherçesinde ýaşaýan Nureddin Nyýazowyň zehinli suratkeşler topary bilen aragatnaşyk saklamak mümkinçiligi ýokdy, şonuň üçin-de onuň mugallymlary we halypalary italýan suratkeşleridir ispaniýaly suratkeş Salwador Dali boldy.

Nureddin Nyýazow ykrar edilen bu zehinlere öýkünmedi-de, olary göçürmedi-de, olaryň işlerini öwrendi, Leonardo da Winçiniň işlerinden syr agtardy we olaryň çözgütlerine ýol tapdy. «Ýer – biziň öýümiz» sergisine taýýarlanan suratlar toplumynda agtaryşlaryň netijelerine esaslanyp, Nureddin Nyýazowyň adyna berlen bäş sany awtorlyk hukugy şahadatnamasy görkezilipdir. Mahpirat adyndaky Merkezi Aziýa halklarynyň taryh instituty (Daşkent) Nureddin Nyýazowa «Hormatly akademik» derejesini beripdir. 

Ýeri gelende aýtsak, suratlar toplumy ýene bir zatda adatdan daşary – ol, adatça bolşy ýaly, ýaş toýuny belleýäniň terjimehalyndan däl-de, N.Nyýazowyň «Jeýhun akýar» goşgusyndan parçalar bilen başlanýar. Serginiň açylyş dabarasynda Nureddin Burhanowiç myhmanlara bir goşgusyny okap berdi.

N.Nyýazow ýaş toýunda mowzuklary we žanrlary dürli bolan 70 sany surat görkezdi. Esasy mowzuk – ene ýerimiziň näzikligi. Onuň «Ýeriň çagyryşy» we «Ýeriň nalyşy» atly iki eseri adamzadyň häzirki wagtda Ýeriň çynlakaý meseleleriniň bardygyna we olardan üstün çykmaga ýardam etmelidigine düşünmegine bagyşlanýar. Bu topardaky suratlaryň biri «Bütindünýä ýylylyk» bolup, Ýer ýüzündäki ähli ýaşaýyşlara guraklyk getirýär. 

Suratkeşiň neşe serişdeleriniň ölüm howpy baradaky duýduryşy-da «Ýer – meniň öýüm» mowzugyna degişlidir. «Neşekeşligiň netijeleri» atly surat sürrealizm žanrynda çekilipdir.

Serginiň aglaba bölegini «Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi» toplumyndaky suratlar eýeleýär. Adatça bolşy ýaly, bu toplumdaky işler realistik ýa-da simwolik žanrlarda ýerine ýetirilipdir. Awtor sergä gelenleri «Leonardo da Winçiniň dünýäsi» toplumyndaky suratlar bilen-de tanyşdyrdy, bu ýerde suratçy köplenç Mona Lizany (Jokondany) şekillendiripdir. «Da Winçi kody» suratynda tükeniksizligi aňladýan topa garaýan metafizik barlygyň garaýşy görkezilipdir.

Wagt, tükeniksizlik dünýäsi – bu mowzuklar henizem Nureddin Nyýazowy rahat goýanok, şonuň üçin-de suratkeş molbertiň öňünde durup, Salwador Daliniň görkezmelerine eýerip, özüçe pikir ýöredip başlaýar.

2017-nji ýylda Nureddin Nyýazowyň eserleriniň hut şu sergi merkezinde geçirilen soňky şahsy sergisinde «Çäksizlik dünýäsi» esasy surat bolupdy. Nakgaş onda şol bir enjamda mikroskopy we teleskopy çekmek bilen, ýene-de «towuk öň döräpmi ýa ýumurtga» diýen ebedi soraga ýüzlenipdi we aýgytly ädimler bilen gözýetimiň aňyrsyna barýan tehniki ösüşi aňladýan bir aýagy görkezipdi. Bu surat tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrypdy.

Bu gezek sergide esasy surat «Beýleki planetalara uzaýan metafiziki el» eseri boldy. Salwador Daliniň usulynda çekilen bu suratda köp syr gizlenip ýatyr. Tükeniksizlige çenli uzadylan golda wagtyň ýokdugyny görkezýän sansyz-dilsiz sagat bar, sagadyň ýanynda atlylar, şeýle hem atyň küşt çöpi bar. Uzakda, kiçijek adada şamçyrag bar. Üns berip seretseň, şamçyragyň çygrynda Adam ata bilen How enäniň sudurlaryny görmek bolýar. Metafiziki adamyň kellesiniň ýerinde bolsa Aýa meňzeş bir planeta bar. Ähtimal, awtor şunuň bilen adamyň tebigatyň bir bölegidigini we onuň bilen baglanyşyklydygyny aýtmak islän bolsa gerek. Belki-de, awtoryň has optimistik düşündirişi bardyr.

«Men öz ýolum bilen barýardym, köplenç düşünmezligiň sowuk bulutlarynyň astynda, ýeke özüm, sungatda çarkandakly durmuş ýoluny geçýärdim» diýip, Nureddin Nyýazow özi hakda gürrüň berýär. Ol 2013-nji ýylda Türkmenistanyň medeniýetine goşan goşandy üçin «Gaýrat» medaly bilen sylaglandy, bu bolsa Nureddin Nyýazowyň zehininiň ykrar edilmegini aňladýar. Sergä gelen tomaşaçylara doly düşnükli däl, ýöne, kerkili ussadyň şeksiz gyzykly eserlerine uly üns bilen tomaşa etdiler. Myhmanlaryň özlerini alyp baryşlaryndan Nureddin Nyýazowyň döredijiligini halaýandyklaryny görmek bolýardy.