Ï Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan baý mazmunly medeni çäreler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan baý mazmunly medeni çäreler

view-icon 4029
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan baý mazmunly medeni çäreler

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň öňüsyrasynda oňa gatnaşýanlarda ýurdumyzyň baý medeniýetiniň jümmüşine aralaşmak mümkinçiligi boldy. Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň teatrlarynda, kinoteatrlarynda, muzeýlerinde we konsert zallarynda hakyky ylham çeşmesine öwrülen giňişleýin medeni maksatnama ýola goýuldy.

Teatr sahnalary myhmanlary joşgunly sahna oýunlary bilen garşy aldy. Beýik S.Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda «Mukaddeslige tagzym» sahna oýny görkezildi, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda bolsa «Gurbannazar Ezizow» sahna oýnunyň görkezilişi boldy.

Maksatnamada filmleriň görkezilmeginiň-de möhüm orny boldy. «Aşgabat» kinoteatrynda tomaşaçylar «Törebeg hanym» filmine, «Watan» kino-konsert merkezinde bolsa jadyly sungat dünýäsinden söz açýan «Nejep oglan» filmine tomaşa etdiler. «Türkmenistan» kino-konsert merkezinde «Kitap» atly film görkezildi.

Medeni maksatnama diňe teatr we kino bilen çäklenmedi. Myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet sirkinde-de joşgunly çykyşlara tomaşa edip, lezzet aldylar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli «Watanymyzyň Garaşsyzlygy – halkymyzyň bagtyýarlygy» atly sergi açyldy.

Öňümizdäki dynç günleri halkymyzyň baý ruhy mirasynyň medeni we çeper mazmunyny açyp görkezýän teatr çykyşlary dowam etdiriler.

Beýik S.Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:

20.09.2025. «Hoşlaşasym gelenok» – 19:00;

21.09.2025. «Yşkyň gämisi» – 19:00.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:

20.09.2025. «Pursat» – 19:00;

21.09.2025. «Talyp söýgüsi» – 19:00.

Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

21.09.2025. «Söweşe garşy söweş» – 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:

20.09.2025. «Juwan kalplar joşanda» – 19.00.

Mollanepes adyndaky talyplar teatry:

20.09.2025. «Amanat giýew» – 19.00;

21.09.2025. «Söýgi» – 19.00.

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry:

20.09.2025. «Pederleriň ýoly» – 19.00;

21.09.2025. «Gumly gelin» – 19.00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

20.09.2025. «Maşa we aýy» –19.00;

20.09.2025. «Juwan kalplar joşanda» – 19:00;

21.09.2025. «Bir towşanjyk bar eken» – 17:00;

21.09.2025. «Mährem ene» – 19:00.