Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi bolan ugurlary hökmünde ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklaryny kesgitlediler. Ýokary derejedäki duşuşyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň geografiki taýdan amatly ýerleşişini hem-de halkara derejesindäki uly taslamalary durmuşa geçirmäge şert döredýän baý tebigy serişdeleriniñ bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmekde, şeýle hem Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi (TAPI) ýaly iri energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde özara hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz esasy ünsi syýasy meselelere jemläp, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini, bu wakanyñ ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini belledi we Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabahy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara forumyna gatnaşmaga çagyrdy.