Sentýabr aýynyň ahyrynda Özbegistanyň Termez şäherinde Merkezi Aziýa üçin terrorçylyga garşy irki duýduryş ulgamynyň çäginde howpuň derejesini anyklamak we görkezijileri işläp düzmek boýunça sebitleýin okuw geçirildi. Türkmenistanyň hem wekiliýeti gatnaşan bu okuw sebitiň öňdebaryjy hünärmenlerini we alymlaryny bir ýere jemledi.

Duşuşyk BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi we BMG-niň Terrorçylyga garşy merkezi tarapyndan guraldy. Onuň maksady terrorçylyga we ekstremizme garşy göreş meselelerinde döwlet edaralary bilen halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmekdir.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewraziýa giňişligindäki ýagdaýy suratlandyrmak bilen, ýokary derejeli dürli mejlislerde, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň maslahat beriş mejlislerinde-de sebite abanýan howp-hatarlaryň arasynda Merkezi Aziýa ekstremist we radikal elementleriň aralaşmak synanyşyklaryny, şeýle hem terrorçylyk howpuny ýüze çykarmak boýunça öňüni alyş çäreleriniň möhümdigini birnäçe gezek nygtap belledi.
Termez şäherinde geçirilen okuw şu nukdaýnazardan sebitdäki ýurtlaryň ekstremizme garşy durmakda we umumy meseleleri çözmäge gönükdirilen diplomatik derejede öňüni alyş çärelerini birleşdirmäge bitewi çemeleşmesine laýyk gelýär.
Wekiliýetimiz Termezden gaýdyp geleninden soň, «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik agtaryşlar ylmy merkeziniň baş hünärmeni Orazmuhammet Annabaýew bilen duşuşyp, oňa birnäçe sorag berdi.
– Orazmuhammet Amanowiç, ilki bilen duşuşygyň özi barada kelam agyz aýdaýsaňyz.
– Başdan aýtjak zadym – duşuşygyň geçirilmeli ýeri tötänden saýlanmandyr. Bu ekstremizme we terrorçylyga garşy iň möhüm meseleler boýunça maslahatlar geçirilýän ýer bolan Termez şäherindäki ilkinji okuw däl. Sebitdäki ýurtlaryň ählisi-de şunuň ýaly çäreleri geçirmek isleýär we bu düşnükli. Bu meseleleri yzygiderli öwrenýän hünärmenler sebitimizde parahatlygy we durnuklylygy saklamak bilen gyzyklanýarlar. Munuň üçin bolsa, bar bolan howplary anyk kesgitlemeli we iň esasysy, halkara ekstremizm ýaly hadysalar bilen baglanyşykly bolup biljek ähli kynçylyklaryň we howplaryň öňüni almak üçin anyk çäreleri bilelikde durmuşa geçirmeli. Termez maslahaty-da şu ýörelgeden çykmady.
– Siziň pikiriňizçe, bu maslahatyň öňkülerden näme tapawudy bardy?
– Bu ýygnagyň gün tertibi barada aýdylanda, ol kiberhowpsuzlyk babatynda umumy mümkinçilikleri jemlemek ýaly möhüm meseläni maslahata hödürledi. Bikanun işlerde internetiň barha artýan ornuny, aýratynam onuň üsti bilen bir ýerlerde ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga ukyply hereketleri amala aşyrmak ýaly synanyşyklary göz öňünde tutup, her kim şeýle hereketleriň haýal etmän, öňüni almak mümkinçiligi bilen gyzyklandy. Bu nukdaýnazardan beýleki ýurtlardan gelen kärdeşlerimiz we alymlar bilen tejribe alyşmak gaty peýdaly boldy. Sanly howpsuzlyk hem maslahata gatnaşanlaryň üns merkezinde boldy.
– Termezde garalan meseleleriň ähmiýetine köplerde şübhe ýok. Eýse Türkmenistan bu babatda näme etdi we näme edýär?
– Ilki bilen, ýurdumyzyň ekstremist we terrorçylyk howplardyr kynçylyklar bilen baglanyşykly synanyşyklaryň öňüni ir döwürde almak üçin kanunçylyk we hukuk çäreleri görendigini bellemelidiris. Bu ugurdaky iş döwletimiziň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlandy. Serhetlerde durnuklylygy saklamak üçin döwletara derejesinde çäreler geçirildi. Muňa goňşy ýurtlar bilen umumy serhetleri kesgitlemek we bellemek baradaky kanuny şertnamalar ýardam etdi. Kanunçylyk derejesinde 2003-nji ýylda «Terrorçylyga garşy göreş» kanuny kabul edildi we 2015-nji ýylda şol bir wagtyň özünde iki sany möhüm kanun: «Ekstremizme garşy göreş» kanuny we «Jenaýatdan gelýän girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreş» kanuny kabul edildi.
Şeýle hem, Türkmenistanyň zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy göreşmek boýunça milli strategiýany işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde BMG-niň degişli düzümleridir guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini bellemelidiris. Muny, hususan-da, hünärmenlerimiziň bu meseleler boýunça BMG-niň guramalary tarapyndan ýola goýlan çärelere işjeň gatnaşmagy-da subut edýär.
– Orazmuhammet Amanowiç, jogaplaryňyz üçin sag boluň!