Ï Türkmenistan dünýä we sebit ölçeglerinde durnukly ösüş üçin amaly çäreleri görmäge taýýardyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan dünýä we sebit ölçeglerinde durnukly ösüş üçin amaly çäreleri görmäge taýýardyr

view-icon 2810
Türkmenistan dünýä we sebit ölçeglerinde durnukly ösüş üçin amaly çäreleri görmäge taýýardyr

Häzirki wagtda dünýädäki syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik hereketler umumy we esasy maksada ýetmek üçin döwletleriňdir halkara guramalaryň sazlaşykly gatnaşyklaryna tarap aýgytly öwrülmegi talap edýär. Şonuň üçin Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekdir. Biziň ýurdumyz bu ugurda amaly çäreleri görmäge taýyndyr. Muny Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň münberinden aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz: «Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine düşünip, hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply esasy we kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri mundan beýläk-de amala aşyrmaga taýýardyr» diýip nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda bu maksatlary öňe sürmek we durmuşa geçirmek üçin iň täsirli mehanizmleriň biri bolan bitaraplyk ýörelgeleriniň iş ýüzünde ulanylýandygyna ynam bildirdi.