Ï Gözel Sumbaryň nary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gözel Sumbaryň nary

view-icon 3893
Gözel Sumbaryň nary
camera-icon
Aýzada Muhammedowa

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň daýhan birleşiklerinde ykdysady taýdan peýdaly bolan miweli baglaryň dürli görnüşlerini önümçilige ornaşdyrmakda, olardan alynýan tebigy taýdan arassa, ýokary hilli önümleriň möçberlerini artdyrmakda döwrüň talaplaryna laýyk anyk işler bitirilýär. 

Ýeri gelende aýtsak, S.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Balkan welaýatyndaky Magtymguly ylmy-önümçilik synag merkezinde, şeýle-de etrabyň daýhan birleşiklerinde dürli ösümlikleriň ýüzlerçe görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Şolaryň arasynda «Gözel Sumbaryň nary» diýen umumy at bilen uly meşhurlyga eýe bolan narlaryň köp gürnüşleriniň bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şonuň ýaly-da jenneti mekan beýleki subtropik miweli baglar bilen birlikde nar agaçlaryny köp ýyllyk tejribeler arkaly ösdürip ýetişdirmekde giňden adygan gözel künjekleriň biridir. Jülgäniň dag derelerinde, Sumbar derýasynyň boýlarynda ýabany ösýän nar agaçlarynyň aýratyn görnüşleri Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna hem girizilendir. 

Magtymguly etrabynyň Sumbar, Çendir jülgeleriniň ugrunda ýerleşýän daýhan birleşikleriniň guýmagursak kärendeçi bagbanlaryň irginsiz tagallalary netijesinde «Gözel Sumbaryň nary» ady bilen meşhurlyk gazanan behişti miwäniň ykdysady taýdan girdejili görnüşleri bolsa köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär. Gözel Sumbar jülgesindäki obalaryň şahsy melleklerinde, şeýle hem bu etrabyň daýhan birleşiklerinden kärendesine alnan ýerlerinde giňden ösdürilip ýetişdirilýän juda tagamly narlaryň her bir sorty biri-birinden gabygynyň galyňlygy, dänesiniň gatylygy, ýumşaklygy, miwesiniň turşulygy, süýjüligi, tagamlylygy, howa şertlerine hem-de kesellere durnuklylygy boýunça tapawutlanýar.

Sumbar jülgesiniň ajaýyp narlaryny talabalaýyk ösdürip ýetişdirmekde Magtymguly etrabynyň Saparmyrat Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbanlary has-da netijeli işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler. Olaryň agrotehniki talaplara laýyk ösdürip ýetişdirýän narlary ýurdumyzyň ak bazarlarynyň, söwda nokatlarynyň islegli miweleriniň hatarynda durýar. Häzirki wagtda daýhan birleşigine degişli ekerançylyk meýdanlarynyň 350 gektarynda kärendeçi bagbanlaryň 289-sy nar agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar. Ýetişen miweleri ýygnap almagyň häzirki depgini daýhan birleşigi boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 1050 tonna nar almak baradaky meýilnamanyň has artygy bilen berjaý ediljekdigine güwä geçýär.

Behişdi nygmat hasaplanýan naryň dermanlyk häsiýetleri-de gadymy döwürlerden bäri bellidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik ylmy-ensiklopedik kitabynda hem naryň dermanlyk häsiýetleri jikme-jik beýan edilýär.

Mähriban Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny mynasyp sowgatly garşylamagy maksat edinýän Magtymguly etrabynyň kärendeçi bagbanlary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir gününi ýokary zähmet görkezijilerine besleýärler.