Ï «Pederlerimize hormat» atly sergi guraldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Pederlerimize hormat» atly sergi guraldy

view-icon 2783
«Pederlerimize hormat» atly sergi guraldy
camera-icon
Maksat Gylyjow

2-nji oktýabrda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Hatyra gününe bagyşlanyp «Pederlerimize hormat» atly sergi guraldy. 

Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurowyň «Gökdepe bosgunlary», Annamämmet Hojanyýazowyň «Betbagtçylyk», Ýarly Baýramowyň «Ajy habar», Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aşyrmuhammet Kulyýewiň «Dileg», şeýle hem ussat suratkeşlerimiz Kakamyrat Baýlyýewiň «Ýer titreme», Hoşgeldi Şahberdiýewiň «Tyldaky esgerler» ýaly nakgaş eserleri, Muhammet Ýüzbaşewiň «Habar», «Garaşmak» atly heýkel eserleri ýerleşdirilipdir.

Bu eserleri synlap, edermenligiň, mertligiň deňsiz-taýsyz nusgasy bolan, tebigy betbagtçylyk zerarly ejir çeken, emma ýowuz synaglara döz gelen gahrymanlarymyzyň öňünde baş egýäris.

Sergide ýerleşdirilen suratkeşleriň nakgaş işlerinde ene topraga bolan çäksiz söýgi, agzybir türkmen halkynyň kynçylyklary ýeňip geçmegi başarandygy baradaky waka öz beýanyny tapýar.

Eserlere göz aýlanyňda, türkmen halkynyň geçmiş taryhyna dolanýarsyň. Adamzadyň taryhynda gazaply 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň agyr külpetlerini gerdeninde çeken halkymyz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, geljekki nesilleriň bagtly durmuşynyň, tutuş adamzadyň azatlygynyň hatyrasyna adalatly, mertlerçe söweşdiler. 1948-nji ýylyň oktýabr aýynda bolup geçen Aşgabat ýertitremesi baradaky ýatlamalar bolsa ähli türkmen halkynyň kalplarynda saklanýar. Sähel pursatda türkmen paýtagtyny weýran eden şol pajygaly gijede diri galanlar tutanýerliligiň, gaýduwsyzlygyň, synmaz erkiň belent nusgasyny görkezdiler.

Her ýylyň 6-njy oktýabrynda – Hatyra gününde uruşda wepat bolan gahrymanlarymyzy, Aşgabat ýertitremesinde gurban bolan ildeşlerimizi hatyralap sadakalar berilýär we aýat-töwir edilýär.