Ï «Kitap» filmi «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalynda ýörite baýraga mynasyp boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Kitap» filmi «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalynda ýörite baýraga mynasyp boldy

view-icon 2103

Aktauda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly tamamlandy. Milli kino mekdepleriniň iň gowy däplerinde geçirilen bu çäre azerbaýjanly, türkiýeli, türkmenistanly, gyrgyzystanly, özbegistanly, wengriýaly we gazagystanly režissýorlary, aktýorlary hem-de kino işgärlerini bir ýere jemledi.

Gözden geçirilişiň netijesi boýunça, türkmen režissýory Hekim Alowowyň «Kitap» atly çeper filmi festiwalyň ýörite eminler baýragyna mynasyp boldy.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan döredilen bu film ruhy mirasa hormat bilen çemeleşilýändigini görkezýär. Baş gahryman düýesini bir kitaba çalyşýar. Soň bu kitap onuň üçin diňe bir taryhy zat däl-de, ebedi gymmatlyklaryň nyşanyna öwrülýär. Ol kitaby, hatda, köp pula-da satmakdan ýüz öwürýär.

Film türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň adybir hekaýasy esasynda surata düşürilipdir. Filmiň ilkinji görkezilişi 2024-nji ýylda Aşgabatda bolup geçdi.

Halkara kinofestiwalynyň çäginde TÜRKSOÝ kino sammiti hem geçirildi. Onuň esasy mowzugy türki dilli ýurtlaryň arasynda film babatyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak boldy.

Çärede döwlet edaralarynyň, milli kino merkezleriniň wekilleri, bilermenler we kinorežissýorlar çykyş etdiler. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň başlygynyň orunbasary Sahysalyh Baýramow kinonyň nesilden-nesle geçip gelýän gymmatly ruhy miras hökmündäki ähmiýeti barada gürrüň berdi.

Halkara hyzmatdaşlygyň we bilelikdäki taslamalaryň geljegi, şeýle hem kino sungaty arkaly medeni gatnaşyklary berkitmek mümkinçilikleri-de ara alnyp maslahatlaşyldy.