Ï Türkmenistan we Azerbaýjan ahalteke hem garabag atlaryny ösdürip ýetişdirmek ugrunda bilelikde işlär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we Azerbaýjan ahalteke hem garabag atlaryny ösdürip ýetişdirmek ugrunda bilelikde işlär

view-icon 1248
Türkmenistan we Azerbaýjan ahalteke hem garabag atlaryny ösdürip ýetişdirmek ugrunda bilelikde işlär

Türkmenistanly seýisler we olaryň azerbaýjanly kärdeşleri ahalteke hem garabag atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça gadymy sungaty gaýtadan dikeltmek babatda hyzmatdaşlyga başlap bilerler. Bu başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitinde eden çykyşynda yglan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri: «Ýakyn wagtda biz Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegi meýilleşdirýäris. Şeýle hem iki halkyň halyçylyk we haly dokamak däplerini ösdürmek babatda tagalla edýäris. Şol bir wagtda bedew atlary, hususan-da, ahalteke we garabag atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça gadymy sungaty gaýtadan dikeltmek babatda işleşmegi göz öňünde tutýarys. Bu çäreleriň medeni gatnaşyklarymyzy has-da kämilleşdirmäge ýardam berjekdigine berk ynanýarys» diýdi.

Gahryman Arkadagymyz agzalyp geçilen çäreleriň medeni gatnaşyklaryň ösüşine esli goşant goşjakdygyna ynam bildirdi we şeýle çäreleri beýleki doganlyk döwletler bilen hem geçirmegi teklip etdi.