Ï «Türkmenistan — sagdynlygyň mekany» atly surat sergisi guraldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenistan — sagdynlygyň mekany» atly surat sergisi guraldy

view-icon 2952
«Türkmenistan — sagdynlygyň mekany» atly surat sergisi guraldy
camera-icon
Maksat Gylyjow

8-nji oktýabrda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli surat sergisi guraldy. «Türkmenistan — sagdynlygyň mekany» diýen at bilen guralan bu sergide ýurdumyzyň ösüşlerini alamatlandyrýan nakgaş işleriniň hatarynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurowyň «Enelik», Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodowyň «Oba hassahanasynda», «Şepagat uýasy», ussat suratkeş Tamara Kiselýowanyň «Sambo boýunça Dünýä çempiony Geldibaýewa Jennet», «Döwlet senasy, Gülbadam Babamyradowa», Annageldi Kulyýewiň «Tebip» ýaly birnäçe nakgaş eserleri görkezildi.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Agameret Garaýewiň «Pälwan», Mommy Seýitmyradowyň «Awisenna», Juma Jumadurdyýewiň «Jigit tansy» ýaly heýkel eserleri hem bu ýere gelenleriň ünsüni çekdi.

N.Dowodowyň «Oba hassahanasy» atly eserinde şepagat uýasynyň hassanyň saglygyny ünsden düşürmeýändigini, diňe bir däri-dermanlar bilen däl-de, eýsem şöhbetdeşlik geçirip, onuň ruhuny göterýän pursady suratlandyrylypdyr.

Şeýle hem T.Kisilýowanyň «Döwlet senasy, Gülbadam Babamyradowa» atly eserinde bolsa döwletimizde 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda baýrakly orun alan G.Babamyradowanyň mynasyp bolan altyn medaly boýnuna dakyp, Türkmenistanyň Döwlet senasyny buýsançly ýerine ýetirip duran pursadyny görmek bolýar.

Sergide ýerleşdirilen suratkeşleriň eserlerinde ynsanyň tebigat bilen sazlaşygy, pähim-paýhasly ata-babalarymyzyň saglyk baradaky düşünjeleri öz beýanyny tapýar. Şunlukda, eserlerde sagdyn durmuş ýörelgesiniň adamzada ýetirýän oňyn täsiri açylyp görkezilýär.

Dabaranyň dowamynda paýtagtymyzyň Saglyk öýlerinde zähmet çekýän lukmanlaryň çykyşlary, öwüt-ündewleri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdýan alkyşly sözleri beýan edildi. Hünär baýramçylygy mynasybetli saglyk ulgamynyň işgärlerine gutlag sözleri aýdyldy.

Bu ýere gelen myhmanlar hem-de lukmançylyk ugrundan bilim alýan talyp ýaşlar döwletimiziň saglyk ulgamynda gazanan üstünliklerini synlamaga mümkinçilik aldylar.

Dabaranyň dowamynda, saglyk ulgamynda 52 ýyldan gowrak zähmet çekip gelýän, Aşgabat şäher Çagalar hassahanasynyň maşgala bölüminiň maşgala lukmany Ogulgurban Atajanowa bilen söhbetdeşligimizde, şu sogaply käre ömrüni baglandygyna buýsanýandygyny, döwletimizde saglyk ulgamynda gazanylýan ösüşleriň dünýä ýüzünde öwgä mynasyp bolýandygyny, uzak ýaşamagyň syrynyň adamlara bolan söýgüde, haýyr-sahawatda, ýylgyrmakda görýändigini buýsanç bilen belledi.