Ï Balkanabatly telekeçiler azyk önümleriniň bolçulygyna mynasyp goşant goşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkanabatly telekeçiler azyk önümleriniň bolçulygyna mynasyp goşant goşýarlar

view-icon 2827
Balkanabatly telekeçiler azyk önümleriniň bolçulygyna mynasyp goşant goşýarlar
camera-icon
Andreý Pakulow

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýan işewür önümçilik düzümleri saldamly işleri bitirýärler. Olar hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir gününi mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşylamaga çalyşýarlar.

Günbatar sebitiň merkezi Balkanabat şäherindäki «Parfiýa gurluşyk» hususy kärhanasy hem şeýle öňdebaryjy kärhanalaryň biridir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy bolan kärhananyň düzüminde işe girizilen unaş önümleri kärhanasynyň hünärmenleri indi birnäçe ýyl bäri alyjylara göreldeli hyzmat edýärler. Döwletimiziň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge ýurt derejesinde berýän yzygiderli hemaýat-goldawlaryndan ruhlanan kärhananyň agzybir hünärmenleri uly işleri amala aşyryp, Diýarymyzyň sebitleriniň hem-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny bäsleşige ukyply, ýokary hilli önümler bilen yzygiderli üpjün etmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen bu hususy kärhanada taýýarlanýan önümler täzeligi bilen alyjylara ýetirilýär. Ýeri gelende aýtsak, kärhanada türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän guşgursak ak bugdaýyň unundan bolan şeýle önümleriň 15 görnüşi öndürilýär. Bu tagamly, geçginli önümler 400, 500 gramlyk, şol sanda 1 we 5 kilogramlyk ýaraşykly gaplarda söwda nokatlaryna iberilýär. Şonuň ýaly-da bu ýerde her iş gününde unaş önümleriniň bir tonna golaýy taýýarlanýar.

Taryhy eýýamymyzda öndürýän önümleriň tebigy taýdan arassa, bäsleşige ukyply, ýokary hilli bolmagyny durnukly üpjün etmek hem balkanabatly işewür telekeçileriň hemişelik baş maksady bolup durýar. Şeýle-de tejribeli telekeçiler önümleriň görnüşlerini artdyrmak bilen, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny guwandyryjy zähmet görkezijilerine beslemek ugrunda has-da gaýratly zähmet çekýärler.