Ï Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy tassyklanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy tassyklanyldy

view-icon 1728
Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy tassyklanyldy

8-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa «Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Bu uzakmöhletleýin resminamanyň tassyklanmagy medeni diplomatiýanyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýandygyna, syýasy we ykdysady ugurlaryň üstüni ýetirýändigine ünsi çekýär.

Strategiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň medeni diplomatiýasyny ösdürmekden, milli medeni mirasymyzyň, ata-babalarymyzdan gözbaş alýan ajaýyp däp-dessurlarymyzyň halkara derejede ykrar edilmegini, millilige ýugrulan, kämillige gönükdirilen ýol-ýörelgelerimiziň mynasyp wagyz edilmegini, döwletleriň arasynda uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny gazanmakdan ybaratdyr. 

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi we ony durmuşa geçirmek boýunça wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.