Ï Türkmenistan – Özbegistan: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – Özbegistan: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

view-icon 1417
Türkmenistan – Özbegistan: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Özbegistanyň we Türkmenistanyň wekilleriniň duşuşygy boldy. Bu gezek sebitdäki möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Strategik agtaryşlar merkeziniň hünärmenleriniňkä Merkezi Aziýa Halkara Institutynyň müdiri Jawlon Abdujalolowiç Wahabowyň ýolbaşçylygyndaky özbek kärdeşleri geldiler.

Türkmenistanyň diplomatik ýokary okuw jaýynda guralan «tegelek stola» gatnaşmak üçin Daşkent Halkara Merkezi Aziýa Institutynyň öňdebaryjy hünärmenleri we Türkmenistanyň dürli edaralaryndan, kärhanalaryndan hem gulluklaryndan wekiller çagyryldy.

Duşuşykda bellenen mowzugynyň köp sanly meseläni we soragy öz içine alýandygyna garamazdan, olaryň çekişmesi düýpli hem diýseň anyk boldy. Bu meseleler diňe bu iki ýurduň arasyndaky däl, eýsem tutuş Merkezi Aziýa sebitindäki giň ykdysady hyzmatdaşlygy gozgaýardy.

Duşuşyga gatnaşyjylar ünsi ulag we logistika taslamalary, ýük daşamak meselesi, suw gorlaryny tygşytly ulanmak we ynsanperwer hem medeni gatnaşyklary berkitmek ýaly möhüm meselelerde jemlediler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa we Özbegistan Respublikasynyň Aşgabatdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow dagy Daşary işler ministrliginiň institutynda geçirilen duşuşyga hem söhbetdeşlige işjeň gatnaşdylar.