Türkmen döwlet medeniýet instituty Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlap, «Hemişelik Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen at bilen publisistik makalalaryň bäsleşigini geçirýändigini yglan etdi.
Bäsleşige gatnaşmaga Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýarlar. Oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplygy, onuň daşary syýasaty we halkara gatnaşyklary, okgunly ösüşi hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri bardaky temalary giňişleýin beýan edýän publisistik makalalary ýazmak teklip edilýär.
Işiň göwrümi Times New Roman şriftini 14-nji ölçegde ulanmak bilen A4 görnüşde 4-5 sahypadan ybarat bolmalydyr.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänler 1-nji noýabra çenli tdmi.ylymbolumi@gmail.com elektron salgy boýunça ýokary okuw mekdepden gatnaşjak talyp baradaky maglumatlary, şeýle hem onuň taýýarlan makalasyny öz içine alýan resmi haty ugratmalydyr. Goşmaça maglumatlar 48-11-05 telefon belgi boýunça elýeterlidir.
Bäsleşigiň iň oňat işleri ýurdumyzyň gazetlerinde we žurnallarynda çap etmek üçin hödürleniler, olar barady habarlar bolsa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň resmi saýtynda ýerleşdiriler.
Ýeňijiler Türkmen döwlet medeniýet institutynda 1-nji dekabrda 17:00-da geçiriljek bäsleşigiň netijeleriniň jemleniliş dabarasynda yglan ediler. Iň gowy işleri ýazan awtorlara guramaçylaryň Hormat hatlary we sowgatlary gowşurylar.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şöhratly senesi bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda talyplaryň gatnaşmagynda geçirilýän döredijilik bäsleşigi Bitarap Türkmenistanyň halkara-hukuk derejesiniň, döwletiň deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanan daşary syýasatynyň ähmiýetine, many-mazmunyna düşünilmegini çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.
Guramaçylar bäsleşigiň geçirilmeginiň türkmen ýaşlarynyň döredijilik zehinlerini we ukyplaryny açmaga, olaryň saýlap alan hünärine gyzyklanmalaryny artdyrmaga mümkinçilik berjekdigine, şeýle hem Watanyna, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna wepaly ösüp gelýän ýaş nesilleri mynasyp terbiýelemäge goşant goşjakdygyna ynam bildirýärler.