Ï Şarja şäherinde Türkmenistan-BAE ikinji işewürlik forumy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şarja şäherinde Türkmenistan-BAE ikinji işewürlik forumy geçirildi

view-icon 949

2025-nji ýylyň oktýabrynyň başynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Şarja şäheriniň Söwda-senagat edarasynyň (SCCI) binasynda geçirilen Türkmenistan-BAE ikinji işewürlik forumyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Şarja Söwda-senagat edarasynyň bilelikde gurnamagynda hem-de Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçihanasynyň we BAE-niň Söwda-senagat edaralarynyň Federasiýasynyň ýardam bermeginde geçirildi.

Foruma Türkmenistanyň we BAE-niň döwlet edaralarynyň we hususy pudagyň wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow giriş sözi bilen çykyş edip, ýokary syýasy derejedäki netijeli dialogyň Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeň ösüşine ýardam edýändigi barada belledi. Ol Türkmenistanyň ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny yzygiderli alyp barýandygyny hem-de işewürlik üçin oňaýly şertleri döretmek bilen daşary ýurt maýa goýumlary işjeň ýagdaýda özüne çekýändigini nygtady.

Öz gezeginde Şarjanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy jenap Abdulla Sultan Al Owaýs BAE bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýokary derejedäki gatnaşyklar barada belläp geçdi. Ol emirlikler tarapynyň ýerli işewürlik toparlary bilen hyzmatdaşlyk etmäge we sebit bazarlaryndaky ornunyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýän türkmen kompaniýalaryna ýardam bermäge taýýardygyny belledi.

Forumyň dowamynda BAE-niň Daşary söwda ministrliginiň wekilleri ýurduň maýa goýum ýagdaýyna we onuň bäsdeşlik babatda artykmaçlyklaryna syn berdiler.

Türkmen telekeçileri senagat, oba hojalyk, energetika we logistika ýaly pudaklarda milli ykdysadyýetiň mümkinçiliklerini görkezýän birnäçe taslamalary hödürlediler.

Çäräniň çäklerinde türkmen kärhanalarynyň önümleriniň, şol sanda azyk, dokma önümleriniň we gurluşyk materiallarynyň sergisi guraldy.

Forumyň dowamynda iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti Şarjanyň senagat önümleriniň hemişelik sergisine baryp gördi. Ol ýerde wekiliýet ýerli kärhanalaryň işi hem-de BAE-niň önümçilik pudagynyň döwrebap ösüş tendensiýalary bilen tanyşdy.