Ï Bilermenler ünsi suwarymly ýerleriň gözegçiligini gowulandyrmagyň usullarynda jemleýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilermenler ünsi suwarymly ýerleriň gözegçiligini gowulandyrmagyň usullarynda jemleýärler

view-icon 1675
Bilermenler ünsi suwarymly ýerleriň gözegçiligini gowulandyrmagyň usullarynda jemleýärler

Mary welaýatynyň Ýolöten şäherinde 14 – 17-nji oktýabry aralygynda suwarymly ýerlere gözegçiligi gowulandyrmagyň usullary boýunça birnäçe okuw maslahatlary geçirilýär. Bu çärelere Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň işgärleri, onuň tejribe hojalygynyň hünärmenleri hem-de Ýer serişdeleri gullugynyň wekilleri, şeýle hem ýer eýeleri we oba hojalygy boýunça iş alyp barýan telekeçiler gatnaşýar.

Bu okuw Ylmy-barlag ekerançylyk instituty we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada howadan abanýan howpy dolandyrmak» atly sebitleýin maksatnamasynyň milli hünärmenler topary bilen bilelikde ýerine ýetirilýän iş meýilnamasynyň çäginde Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrligi tarapyndan geçirilýär.

Bu işde Ylmy-barlag ekerançylyk instituty ýöne ýere esasy hyzmatdaş hökmünde saýlanmady – bu edara ýurdumyzyň Murgap oazisinde pagta ösdürip ýetişdirmekde we köpeltmekde uly tejribe toplan iň irki pagtaçylyk ylmy-barlag merkezidir. Murgap derýasynyň howuzy ýurtda ylmy-amaly işleriň jemlenen synag sebitidir. GIZ-iň topary maksatnamanyň çäginde yzygiderli duşuşyklar, çekişmeler, ara alyp maslahatlaşmalar geçirýär, Merkezi Aziýa sebitindäki goňşy ýurtlaryň tejribesi bilen tanyşýar we tejribe alyşýar. Bu ýakynlyk diňe bir köpden bäri dowam edip gelýän hyzmatdaşlykdan we gidrotehniki desgalaryň bir wagtlar bir bitewi bolan kaskadynyň geografik baglanyşygyndan däl-de, eýsem ekin önümçiliginden we oba hojalygynyň tejribesiniň hem agrotehniki çäreleriniň meňzeşliginden gelip çykýar.

Işiň innowasiýa ugurlaryny, ýagny tebigy, durmuş-ykdysady we ekologiki düzüm böleklerini, şeýle hem ýüze çykan oba hojalyk däplerini göz öňünde tutmak bilen, bu ýerde ulanylýan toprak zaýalanmagyna baha bermegiň milli usulyýetiniň çarçuwasyny işläp düzmegi öz içine alýar. Şeýle hem institutyň işgärleri bilen bilelikde topragyň ýagdaýyna baha bermeklik meýilleşdirilýär. Nobatda göçme okuw maslahatlaryň ikinji aýlawy meýilleşdirilýär. Ol 27 – 31-nji oktýabry aralygynda geçiriler we suwarymly ýerleri täzeden dikeltmek çärelerine bagyşlanar.