Ï Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy tassyklanyldy

view-icon 11017

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň bilim edaralarynyň abraýyny has-da ýokarlandyrmak, ýokary hünär bilimi ulgamynyň halkara derejede bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, ýokary okuw mekdepleriniň ulgamlaýyn ösüşini we dolandyrylyşyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy” hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.

Bilim ministrligine, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Strategiýada bellenen çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.