Ï Aşgabatda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 2092
Aşgabatda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary – Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Galymjan Koýşybaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlardaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginde ýokary we iň ýokary derejedäki yzygiderli saparlaryň we gepleşikleriň möhüm orun eýeleýändigi aýratyn nygtaldy.

Taraplar şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän birnäçe ikitaraplaýyn çäreleriň, şol sanda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň sebit we halkara formatlarynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyna ýokary baha berildi.