Ï Geljek hasylyň berekedi güýzlük bugdaý ekişinden başlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Geljek hasylyň berekedi güýzlük bugdaý ekişinden başlanýar

view-icon 3299
Geljek hasylyň berekedi güýzlük bugdaý ekişinden başlanýar

Şu günler Balkan welaýatynyň oba hojalykçylary Garagum derýasynyň boýundaky ekin dolanyşygyna degişli ýerlerinde geljek – 2026-njy ýylyň hasylynyň düýbüni mäkäm tutup, güýzlik bugdaý ekişini tamamlaýjy tapgyrlarda alyp barýarlar. Agrotehniki kadalara laýyk guramaçylykly geçirilýän derwaýys işler ösen tehnologiýalar esasynda ýola goýlup, gadymy ekerançylyk ýörelgeleri, häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribeleri bilen utgaşdyrylýar.

Balkanly gallaçylar geçen ýyllarda-da bol we ýokary hilli hasyl ýetişdirip, ýurdumyzyň azyk bolçulygyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşdular. Olar azyklyk bugdaý taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem Diýarymyzda ilkinjileriň hatarynda üstünlikli berjaý etdiler. Häzirki wagtda zähmetsöýer ekerançylar mukaddes topraga Günbatar sebitiň toprak-howa şertlerinde synagdan geçen, bol hasyl berýän tohumlaryny sepip, güýzlik bugdaý ekişini gyzgalaňly alyp barýarlar. Jogapkärli möwsümde etraplaryň daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň kärendeçi daýhanlary, ýer eýeleridir mülkdarlary yhlasly işleýärler. Ekerançylar ekiş geçirilen meýdanlara gögeriş suwuny tutmak işlerinem utgaşykly dowam etdirýärler.

Güýzlük bugdaý ekişine «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň, onuň etraplardaky kärhanalarynyň mehanizatorlary, inžener-tehniki işgärleri hasam saldamly goşantlaryny goşýarlar. Welaýat boýunça meýilleşdirilen jemi 50 müň gektaryň häzire çenli eýýäm 86 göterimden guwrak gektarynda ekiş agrotehniki talaplara laýyklykda amala aşyryldy.
Şeýle-de welaýatyň Gyzylarbat, Bereket etraplarynda alnyp barylýan möhüm işlerde dürli kysymly kuwwatly traktorlaryň uly topary bökdençsiz işledilýär. Ýörite tirkegler tirkelen traktorlara erk edýän mehanizatorlar möwsümiň çäklerinde ýerleri sürmekde, tekizlemekde, joýa çekmekde, ekiş geçirmekde zähmetlerini gaýgyrmaýarlar.

Ýörite döredilen tehniki taýdan hyzmat ediş toparlaram bütin gije-gündiziň dowamynda hereket edýärler. Çünki, düzüminde abatlaýjylar, mehanikler, degişli hünärmenler bolan toparlar möwsümde ýüze çykýan käbir näsazlyklary dessine düzetmegi başarýarlar.

Welaýatyň ekin meýdanlaryndaky işleriň häzirki depginem bereketli Balkan topragynda bugdaý hasylynyň düýbüniň mäkäm tutulýandygyna, ýakyn wagtda güýzlük bugdaý ekişiniň üstünlikli tamamlanjakdygyna aýdyň güwä geçýär. Bu bolsa oba hojalykçylaryň geljek – 2026-njy ýylda 80 müň tonna bugdaý hasylyny almak ugrundaky belent maksatlarynyň myrat tapjakdygyna bolan ynamy has-da pugtalandyrýar.