Şu ýyl öz wagtynda tanymal bolan çeper gimnastikaçy Ajatulla Myradowiç Ibadullaýewiň aradan çykanyna 25 ýyl doldy. «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy görnükli şahsyýetlere öwrülen we şonuň bilen hem özlerine hem-de türkmen topragyna şöhrat getiren aşgabatlylar barada öňem birnäçe gezek gürrüň beripdi. Ajat Ibadullaýewiň ady, köplenç bolşy ýaly, düýpden tötänleýin ýüze çykdy.
Rus telewideniýesiniň bir gepleşiginde meşhur gimnastikaçy Wiktor Çukarin barada söhbet boldy, onuň ilkinji tälimçileriniň we ýakyn dostlarynyň biri bolsa aşgabatly, türkmen gimnastikaçysy Ajat Ibadullaýew eken. Bu setirleriň bir döwürde gimnastika bilen meşgullanan awtory, şeýle hem köp türkmenistanlylar üçin bu meşhur ildeşimiziň ady açyş bolmasa-da, ýakymly bir garaşylmadyk habar boldymyka diýýärin. Ildeşimizi ýatlamak we onuň hakynda nähilidir bir maglumat tapmak kyn boldy. Ne onuň garyndaşlary barada maglumat bardy, ne-de Ajat Ibadullaýewiň özi, hatda suraty-da ýokdy. Internet gorlarynda geçiren gözleglerimiz ýiten we tas ýatdan çykan maglumatlaryň käbirini dikeltmäge kömek etdi, Ajatyň özüniň-de (ýaşlyk we uly ýaşlaryndaky) suratlary tapyldy.

Ol 1911-nji ýylyň 28-nji martynda Aşgabatda doglupdyr. Onuň doly ady Ajatulla Myradowiç Ibadullaýew. Familiýasyndan çen tutsaň, onuň ene-atasy türk-arap asylly bolupdyr, çünki onuň ady Hibatulla (arap dilinde ‒ Hibat) adyndan gelip çykypdyr. Gadymy türk elementi «ulla» bolsa at ýasamak üçin ulanylýar. Şeýlelik bilen, Hibatulla ýa-da biziň dilimizde Ibadulla «Hudaýyň sowgady» diýlip düşündirilse, ähtimal, dogry bolardy. Yslam medeniýetinde bolsa Hibatulla ady köplenç uzak garaşylan çaga, belki-de dünýä inmegi maşgala üçin uly bagt saýylýan ilkinji çaga üçin ulanylýar. Wagtyň geçmegi bilen, Ibadulladan Ibadullaýew familiýasy döräpdir. Ene-atanyň ogullaryna şunuň ýaly familiýa bap gelýän ady saýlamagy bolsa onuň durmuşynda weli sözi ýaly bir zat bolupdyr. Ajatulla köp gezek ýeňiji çempion bolupdyr. Bu aýdylanlaryň üstesine, ol hut özi ýaly ýeňliş görmedik ýeňijini terbiýeläp ýetişdiripdir.
Gunt düşen ýaly, berdaşly Ajatulla çagalykda sporta höweslidi. Onuň ýetginjeklik ýyllary Aşgabatda köp sport klublarynyň, esasanam, welosiped sportunyň we dürli göreş görnüşleriniň güýçli ösýän döwrüne gabat geldi, ýöne ol gimnastikany saýlady. Yhlasly türgenleşik onuň ýigrimi sekiz ýaşynda söýgüli gimnastika enjamynda ‒ halkalarda ‒ Sowet Soýuzynyň çempiony bolmagyna getirdi. Gimnastika bilen azda-kände meşgullanan her bir adam türgeniň halkalarda gimnastika hereketlerini ýerine ýetirende, oňa nähili agram düşýändigini bilýändir. Onuň ajaýyp tebigy fiziki zehini wagtyň geçmegi bilen, Ajatullanyň bu enjamda ýeňilmezek bolmagyna alyp bardy. Soňra onuň işläp düzen ýörite güýç maşklary okuwçylaryny taýýarlamakda peýdaly boldy. Ol halkalarda we perekladinada türgenleşmek üçin maşklaryň özboluşly ýerine ýetirilişini we tehniki usulyny oýlap tapyp, durmuşa girizdi. Ajatulla Myradowiç türgenleşikde güýç maşklaryny ulanyp, çydamlylygy ösdüren ilkinji gimnastikaçylaryň biri boldy. Şägirtleri üçin bolsa Ibadullaýew ilkinji bolup, günde iki gezek sapak geçip başlady.

Gimnastikaçy Ibadullaýew köp ýyllaryň dowamynda, 1939-njy ýyldan 1950-nji ýyllara çenli dürli gimnastika enjamlary boýunça birnäçe gezek Sowet Soýuzynyň çempiony boldy. Ol ýeňilmezekdi, şeýle bolubam galdy. Uruşdan soňky ýyllarda dürli ýagdaýlar sebäpli Ibadullaýew Ukraina göçdi we ol ýerde tälimçilik ussatlygyny üstünlikli özleşdirdi. Ol ýerde ykbal ony öň ýaryşlarda köp gezek bäsleşen kärdeşi Wiktor Çukarin bilen duşurdy. Geljekki köp gezek Olimpiýa çempiony Çukariniň ykbalynda Ibadullaýewiňkä meňzeşlik bardy.
Ikisi hem kynçylyk gören maşgaladan, ikisi hem urşy başdan geçiripdi, ýöne gimnastika aşykdylar. Çukarin çagalykdan gimnastika bilen meşgullanýardy, ilki toz-toprakly howluda posly turbalardan gurlan perekladinada çylşyrymly maşklary ýerine ýetirmäge synanyşýardy. Orta mekdebi gowy bahalar bilen tamamlanyndan soň, Kiýewiň Bedenterbiýe tehnikumyna girýär. Şu ýerde-de ol Ibadullaýew bilen duşuşýar. Şol wagt Sowet Soýuzynyň iki gezek çempiony bolan Ajatulla Myradowiç Çukarin bilen türgenleşmäge başlaýar. Ýaş türgeniň hakyky dosty bolan Ibadullaýew oňa agyr maşklara uýgunlaşmaga kömek edýär. Günde iki gezek türgenleşik çalt netije berýär.
Ibadullaýew ýaş dostuny goldap, oňa şeýle diýýän eken: «Men senden on ýaş uly, ýöne SSSR çempionatynda hiç kimden asgyn däl. Myşsalaryňy ösdür ‒ gör, olar heniz nähili gowşak. Sen öňbaşçy bolup bilersiň. Men hormat münberindäki ýerimi saňa höwes bilen bererin». 1948-nji ýylda Çukarin Ukrainanyň çempionatynda ýeňiş gazandy. Ýene bir ýyldan bolsa Sowet Soýuzynyň çempiony boldy we bu derejäni üç ýyldan gowrak elinde saklady. Bu Ibadullaýew bilen geçiren şol irginsiz türgenleşikleriniň netijesidi. Wiktor akyla sygmajak kyn maşklary ýüzüni çytman ýerine ýetirýärdi. Bu bir gudrat ýalydy. Dogrudan-da, haýran galmaly zat bardy. Ibadullaýew ýöne ýere Çukariniň arryklygyny dile getirmändi. Wiktor uruşda söweşipdi, ýaralanyp, ýesir düşüpdi we ýesirligiň agyr synaglaryna döz gelipdi. Ol diri galyp, ýeňiji bolup gaýdyp geldi. Onuň ýeňiş ruhy oňa Olimpiýa oýunlarynda hem kömek etdi. Käwagtlar, Olimpiadanyň altyn medaly elden gidip barýan ýaly bolanda, ol şeýle bir hereketleri ýerine ýetirýärdi welin, garşydaşlary: «Bu ýigidi ýeňmek mümkin däl...» diýýärdiler.
Soňra 1952-nji ýylda Helsinkide geçirilen Olimpiýa oýunlarynda, 1956-njy ýylda bolsa Melburnda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda Çukarin çempion boldy. Melburndaky ajaýyp ýeňşinden soň Wiktor Çukarin ýedi altyn, üç kümüş we bir bürünç medela eýe bolmak bilen, 11 Olimpiýa sylagy bilen ýeňilmedik ýagdaýda dynç alşa çykmak kararyna geldi.
Bu ajaýyp gimnastikaçylar – Ibadullaýew hem, Çukarin hem ýeňilmezek bolup galdylar.