Ï HGB-niň prezidenti A.Steýjer: Türkmenistanyň gaz gorlary adamzadyň öňe gitmegi we tutuş dünýäniň ösüşi üçin örän möhümdir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

HGB-niň prezidenti A.Steýjer: Türkmenistanyň gaz gorlary adamzadyň öňe gitmegi we tutuş dünýäniň ösüşi üçin örän möhümdir

view-icon 2128
HGB-niň prezidenti A.Steýjer: Türkmenistanyň gaz gorlary adamzadyň öňe gitmegi we tutuş dünýäniň ösüşi üçin örän möhümdir

Türkmenistanyň ägirt uly tebigy gaz gorlary bar. Bu adamzadyň öňe gitmegi we bütin dünýäniň ösüşi üçin örän möhümdir. Bu pikiri «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» («OGT 2025») forumynyň wekili, Halkara Gaz Bileleşiginiň (HGB) prezidenti Andrea Steýjer «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysynyň iri «Galkynyş» gaz käniniň geljegi baradaky soragyna jogap hökmünde aýtdy.

– Bu örän möhüm şert, sebäbi ol energiýa bilen üpjün edýär, ýurduň ilatynyň abadançylygynyň ösüş serişdesidir we sebit üçin netijeli birleşik faktorydyr. Şonuň üçin Türkmenistanyň gymmatly gaz serişdeleriniň giňden eksport edilmegi örän möhümdir. Mundan beýläk-de özara gatnaşyk we hyzmatdaşlyk üçin amala aşyrylmagy mümkin bolan taslamalar bar. Men çeşmeleriň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň Ýewropa üçin hem zerurdygyna ynanýaryn. Bir söz bilen, bu geljege nazar salmak üçin örän möhüm baýlykdyr – diýip, Andrea Steýjer aýtdy.

HGB-niň ýolbaşçysy türkmen gazynyň Ýewropa Bileleşigine eksport edilmegi barada-da pikirini beýan etdi.

– Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda türkmen gazynyň eksporty barada gepleşikler dowam edýär. Bu ýerde geljegiň bardygyna ynanýaryn. Munuň arkasynda diňe senagat däl, eýsem, heniz ösdürilmeli syýasy gatnaşyklar hem bar. – diýip, Andrea Steýjer aýtdy.

Aşgabatda 22 – 24-nji oktýabr aralygynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» («OGT 2025») atly 30-njy halkara maslahaty we sergi geçirilýär. Bu maslahat «Turkmen Energy Forum» tarapyndan goldaw tapyp «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan ýola goýlupdyr.