06.11.2026
2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen «Expo 2030 Riyadh» sergisiniň halkara gatnaşyjylar departamentiniň direktory, öňde boljak Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň ýurt boýunça utgaşdyryjysy bolup durýan Muhammet bin Garadyň arasynda duşuşyk geçirildi.