Ï Türkmenistan ekologik özgerişleri we innowasiýalary goldaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan ekologik özgerişleri we innowasiýalary goldaýar

view-icon 1
Türkmenistan ekologik özgerişleri we innowasiýalary goldaýar

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda dowam edýän «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» («CIET 2026») atly halkara sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde Aşgabat şäheriniň häkimi R. Gandymow maksatnama boýunça çykyş etdi. Onuň çykyşy paýtagtymyzy döwrebaplaşdyrmagyň strategik ugurlaryna, «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmaga we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlandy.

Çykyşynyň başynda R. Gandymow ýurdumyzy ösdürmäge yzygiderli üns berýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi. Çykyşyň dowamynda şäher düzümini döwrebaplaşdyrmagyň, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň we raýatlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin has oňaýly şertleri döretmegiň ýurduň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygy bellenilip geçildi.

«Aşgabat şäheri üçin tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we şäher gurşawyny sebitiň howa şertlerine uýgunlaşdyrmak wezipeleri aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistanyň gurak howasy göz öňünde tutulyp, şähergurluşyk strategiýasynda suw serişdelerinden netijeli we aýawly peýdalanmaga, çäkleri giň gerimde bagy-bossanlyga öwürmäge, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de gurluşyk pudagynda ekologiýa taýdan jogapkärli çemeleşmeleri ulanmaga ähmiýet berilýär» diýip, R. Gandymow aýtdy.

Şäher dolandyryşynyň sanly özgerdilmegi paýtagtymyzyň ösüşiniň möhüm bölegidir. Intellektual ulag ulgamlarynyň, sanly hyzmatlaryň we inženerçilik ulgamlaryna gözegçilik edýän döwrebap toplumlaryň ornaşdyrylmagy serişdeleriň paýlanylyşynyň netijeliligini we ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokary derejede gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.

Aşgabat şäheri durnukly şäher gurluşygy we daşky gurşawy goramak ulgamynda BMG-niň Ösüş maksatnamasy we BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy (UN-HABITAT) ýaly dünýä belli guramalar bilen hyzmatdaşlygyny yzygiderli berkidýär.

Şu nukdaýnazardan, R. Gandymow Türkmenistanyň paýtagtynyň energiýa taýdan tygşytly gurluşyk, durnukly infrastruktura, şäher hojalygyny sanlylaşdyrmak, şeýle hem ekologik taýdan howpsuz ulaglary ösdürmek ýaly ugurlar boýunça halkara ösüş institutlary we dünýäniň dürli şäherleri bilen dialoglary çuňlaşdyrmaga we amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge açykdygyny nygtady.

«Döwlet düzümleriniň, maliýe institutlarynyň we hususy pudagyň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň geljegi uly bolan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň çekilmegine goşmaça itergi bermäge mümkinçilik döretjekdigine ynanýaryn. Şonuň üçin hem, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp, durnukly ösüş hem-de ählumumy abadançylyk ugrunda halkara dialogy yzygiderli ösdürýär, Aşgabat şäheri bolsa BMG, halkara ösüş institutlary we dünýäniň dürli ýurtlarynyň şäherleri bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge açykdyr» diýip, Aşgabat şäheriniň häkimi sözüniň ahyrynda belledi.