Türkmenistanda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmek we okuw-usulyýet üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler täze neşirler bilen has-da baýlaşdyrylýar.
Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet federal mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda 2024-nji ýylyň oktýabrynda baglaşylan hyzmatdaşlyk Ylalaşygynyň çäklerinde türkmen we rus mugallymlary hem-de alymlary tarapyndan ýurdumyzyň bilim edaralary üçin okuw gollanmalary işlenip taýýarlanyldy we neşir edildi.
Täze neşirleriň hatarynda «Sanly bilim gurşawynda pedagogyň başarnyklaryny ösdürmäge ulgamlaýyn çemeleşmek», «Bilimiň sanlylaşdyrylýan şertlerinde okuw işini guramagyň netijeli usullary. Mugallymçylyk işinde häzirki zaman meýiller we innowasion tejribe», «Hünär biliminiň inklýuziw jähtleri» atly ylmy we okuw-usuly gollanmalar, şeýle hem 1-4-nji synplar üçin «Ýaşaýyş-durmuş esaslary» dersi boýunça iş depderleri bar.
Neşirlerde sanly bilim gurşawynda mugallymlaryň hünär başarnyklaryny ösdürmek, emeli aň tehnologiýalaryny okuw işinde ulanmak, innowasion okatmagyň usullary, inklýuziw bilimi guramak hem-de başlangyç synp okuwçylarynyň bilim we terbiýeçilik işini kämilleşdirmek ýaly möhüm meseleler beýan edilýär.
Täze okuw serişdeleri şu ýylyň 21-27-nji oktýabrynda Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde geçirilen hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlaryň çäklerinde bilim işgärlerine tanyşdyryldy. Okuwlaryň dowamynda täze neşirleriň okuw-terbiýeçilik işinde peýdalanylyşy boýunça usuly maslahatlar berildi. Şeýle hem türkmen we rus hünärmenleri 2027-nji ýylda bilelikde taýýarlanylmagy meýilleşdirilýän täze okuw serişdeleri barada pikir alyşdylar.
Bu hyzmatdaşlyk milli bilim ulgamynyň ylmy-usulyýet binýadyny berkitmäge, pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga hem-de halkara tejribäniň öňdebaryjy gazananlaryny bilim işine ornaşdyrmaga ýardam berýär.