Ï Türkmen döwlet medeniýet institutynyň barlaghanasynda gadymy taryh janlandyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň barlaghanasynda gadymy taryh janlandyrylýar

view-icon 12
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň barlaghanasynda gadymy taryh janlandyrylýar

Türkmenistan köpasyrlyk baý taryha, maddy we maddy däl medeni mirasa baý bolan gadymy diýardyr. Ýurdumyzyň toprak astynda gizlenen müňlerçe ýyllyk syrlar, şol sanda Altyndepe, Nusaý, Dehistan we Şähryslam ýaly dünýä belli arheologik ýadygärlikler ýerli we halkara ylym dünýäsiniň ünsüni çekmegi dowam etdirýär. Bu gadymy hazynalary öwrenmekde we olary geljekki nesillere asyl nusgasynda ýetirmekde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň ylmy-barlaghanasy möhüm orun eýeleýär. Barlaghanada alnyp barylýan arheologik tapyndylary dikeldiş (restawrasiýa) we bejeriş işleri ýurdumyzyň ylmy kuwwatynyň belent derejesini görkezýär.

Arheologik gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapylan palçykdan, keramikadan, metaldan we daşdan ýasalan gadymy tapyndylar, köplenç, ýyllaryň dowamynda zeper ýeten, döwlen ýa-da poslan ýagdaýda ýüze çykarylýar. Institutymyzyň hünärmenleri, mugallymlary we talyplary tarapyndan bu tapyndylara ilkinji ylmy baha berlip, olary arassalamak, berkitmek hem-de asyl görnüşine getirmek boýunça inçeden çylşyrymly amallar ýerine ýetirilýär. Dikeldiş we rejeleýiş işleri diňe bir hünärmentçilik bolman, eýsem, gadymy döwürdäki ussatlaryň tehnologiýasyny, bezeg aýratynlyklaryny we taryhy maglumatlary çuňňur öwrenmegi talap edýän ylmy hem-de döredijilik işidir.

Barlaghanada amala aşyrylan şeýle möhüm ylmy-dikeldiş işleriniň aýdyň bir mysaly hökmünde Parfiýa şalygynyň döwrüne – gadymy eýýama degişli taryhy keramiki gaplary görkezmek bolar. 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäheriniň demirgazyk-günbatar böleginde tötänleýin tapylan bu gymmatly arheologik tapyndylar institutymyzyň barlaghanasyna gowşuryldy. Ylmy-barlaghanada zähmet çekýän hünärmenleriň we talyplaryň ýokary takyklykda hem-de sabyr-takat bilen geçiren dikeldiş işleriniň netijesinde, asyrlarboýy zaýalanan bu Parfiýa döwrüniň keramiki gaplary taryhy ýoluny dikeldip, özbaşdak görnüşini taryhy hakykat bilen täzeden göz öňüne getirdi.

Mundan başga-da ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän gadymy taryhy ýadygärliklerden tapylan tapyndylar institutymyzyň barlaghanasyna yzygiderli getirilýär. Institutyň mugallymlarydyr talyplary tarapyndan tapyndynyň belli bir döwre degişlidigi anyklanylýar we dikeldiş-rejeleýiş işleri geçirilýär. Netijede bolsa taryhymyzyň täzeden janlandyrylan bölegi gymmatlyk hökmünde ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyrylýar.

Bu ugurda alnyp barylýan işler institutyň talyplaryna hünär ussatlygyny öwrenmäge, tejribe toplamaga we ylmy-barlag işlerine işjeň gatnaşmaga uly mümkinçilik döredýär. Nazary bilimleri amaly iş bilen utgaşdyrýan ýaş hünärmenler geljekde ata-babalarymyzdan galan gymmatlyklary gorap saklamakda we öwrenmekde esasy güýç bolup çykyş edýär. Netijede, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň barlaghanasynda alnyp barylýan bu asylly işler milli medeni mirasymyzy gorap saklamaga, ylmy taýdan ösdürmäge we taryhy hakykaty ebedileşdirmäge giň ýol açýar.