Ï Koreý medeniýetiniň dünýäsine syýahat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Koreý medeniýetiniň dünýäsine syýahat

view-icon 24
Koreý medeniýetiniň dünýäsine syýahat

Käwagt uzakdaky bir ýurt bilen tanyşmak üçin uzak ýola gitmek hökman däl. Munuň üçin şol ýurduň medeniýetini, däp-dessurlaryny we milli aýratynlyklaryny açyp görkezýän özboluşly gurşawa aralaşmak hem ýeterlikdir. 2-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde «Koreý medeniýetiniň hepdeligi – 2026» atly medeni çäre geçirildi.

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda geçirilen bu çäre «Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa» atly ilkinji sammite bagyşlandy. Ol Koreýanyň taryhy, milli däp-dessurlary we häzirki zaman ösüşleri bilen tanyşmak isleýänler üçin özboluşly medeni dialog meýdançasyna öwrüldi.

Çäräniň geçirilýän meýdançasyny dürli öwüşginli bezegler, milli nyşanlar we tematiki pawilýonlar bezeýär. Koreýanyň bäş şäherine bagyşlanan ýörite bölümlerde myhmanlar şol şäherleriň aýratynlyklary, gözel ýerleri we medeni mirasy bilen tanyşdylar. Her bir sergi bölümi bu ýurduň özboluşly dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik berýän kiçijik syýahaty ýada saldy.

Çäräniň iň gyzykly pursatlarynyň biri hem koreý halkynyň däp bolan oýunlary bilen tanyşlyk boldy. Myhmanlar däp bolan «Tuho» oýny, çalasynlygy we hereketleriň sazlaşygyny talap edýän «Jegiçagi», şeýle hem kagyzdan ýasalan şekilleri agdarmak bilen baglanyşykly «Ttakjiçigi» oýunlaryna höwes bilen gatnaşdylar.

Koreý halkynyň amaly-haşam sungaty we el işleri hem uly gyzyklanma döretdi. Dürli bezeg önümleri, milli şaý-sepler we elde ýasalan zatlar myhmanlaryň ünsüni çekdi. Döredijilik ussatlyk sapaklary bolsa gatnaşyjylara öz elleri bilen dürli önümleri taýýarlap görmäge, şeýlelikde, başga bir halkyň sungatyna has ýakyndan aralaşmaga mümkinçilik berdi.

Milli medeniýet bilen tanyşlygyň ýene bir özüne çekiji tarapy koreý aşhanasyna bagyşlandy. Myhmanlara hödürlenen koreý süýjülikleri, çaýy we içgileri bu ýurduň tagam aýratynlyklary bilen tanyşmaga şert döretdi.

Çäräniň bilim ulgamyna degişli bölümi hem aýratyn ähmiýete eýe boldy. Onda Aşgabat şäherindäki Patyşa Sejong adyndaky koreý dili okuw merkezi öz işi we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Myhmanlar koreý dilini öwrenmek, bilim maksatnamalary we akademiki alyş-çalyş mümkinçilikleri barada maglumat aldylar. Şeýle hem daşary ýurtly talyplar Koreýa Respublikasynda bilim almaga mümkinçilik berýän «Global Korea Scholarship» (GKS) maksatnamasy bilen tanyşdyryldy.

Şeýlelikde, çärede Koreýanyň taryhy we däp-dessurlary, halk oýunlary, amaly-haşam sungaty, milli tagamlary hem-de bilim mümkinçilikleri özara sazlaşykly utgaşdy. Onuň aýratyn ähmiýeti bolsa myhmanlaryň başga bir halkyň medeniýeti bilen gönüden-göni tanyşmagyna we özara tejribe alyşmagyna şert döredendigindedir.

«Koreý medeniýetiniň hepdeligi – 2026» diňe bir medeni çäre bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň nobatdaky möhüm ädimine öwrüldi. Şeýle başlangyçlar halklaryň medeniýetine, diline we däp-dessurlaryna bolan gyzyklanmany artdyrmak, özara düşünişmegi berkitmek hem-de dostluk gatnaşyklaryny has-da ösdürmek babatda uly ähmiýete eýedir.

Çünki başga bir halkyň medeniýetine düşünmek özara hormatyň gözbaşydyr. Medeniýet bolsa halklary ýakynlaşdyrýan we dostlugy berkidýän köprüdir.