Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi geçirildi. Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen çärä Türkmenistanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, assosiasiýanyň agzalary, ýurdumyzdan we daşary döwletlerden atşynaslar gatnaşdylar.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hrwoýe Swetanowiçden ynanç hatyny kabul etdi.

Şu gün paýtagtymyzda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenler gatnaşýarlar.

Şu gün Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlady.

2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Gruziýanyň Parlamentiniň edara binasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty baradaky komitetiniň, türkmen-gruzin parlamentara dostluk toparynyň başlygy A.Sarjaýew bilen Gruziýanyň Parlamentiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň, gruzin-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy D.Matikaşwiliniň arasynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşygy geçirildi.
