Ï Türkmenistan bilen Swerdlowsk oblasty hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Swerdlowsk oblasty hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär

view-icon 77
Türkmenistan bilen Swerdlowsk oblasty hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär

«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi– 2026» atly halkara sergi we maslahat («CIET 2026») çäginde forumyň hormatly agzasy, Russiýa Federasiýasynyň Swerdlowsk oblastynyň gubernatorynyň orunbasary Dmitriý Ionin ikitaraplaýyn ykdysady, ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň geljegi baradaky garaýyşlary barada gürrüň berdi.

Ural sebitiniň görnükli wekiliýetiniň Aşgabada sapary ozal ýola goýlan gepleşikleriň logiki dowamy boldy. Türkmenistanly wekiliýet ozal Ýekaterinburgda geçirilen iki sany «Innoprom» halkara senagat sergisine işjeň gatnaşdylar. Swerdlowskynyň senagatçylarynyň jogap sapary Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň çakylygy bilen amala aşdy.

Russiýanyň wekiliýeti Swerdlowsk oblastynyň 15 sany öňdebaryjy kärhanasynyň wekillerinden ybaratdy. Olaryň «CIET 2026» forumyna gatnaşmagynyň maksady hyzmatdaş tapmak, eksport-import gatnaşyklaryny ösdürmek we önümçiligi Türkmenistanda ýerleşdirmek mümkinçiliklerini öwrenmekdir. Saparyň maksatnamasynyň çäginde eýýäm ýurduň öňdebaryjy kärhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ýöriteleşdirilen duşuşyklar bolup geçdi, onda Russiýa sebitiniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.

«Swerdlowsk oblasty Russiýanyň iň iri senagat merkezleriniň biri bolmak bilen, giň tehnologik we ylmy barlag mümkinçiliklerine eýedir. Uzak möhletli hyzmatdaşlygyň esasy ugry işgär taýýarlamakdyr. Häzirki wagtda Ýekaterinburg uniwersitetlerinde, şol sanda Ural federal uniwersitetinde we Ural döwlet dag-magdan uniwersitetinde-de 500-den gowrak türkmenistanly talyp bilim alýar. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak iki ýurduň kärhanalarynyň arasyndaky senagat, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýady döredýär» diýip, D. Ionin aýtdy.

Gubernatoryň orunbasarynyň sözlerine görä, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk deň derejeli we özara baýlaşdyryjydyr. Ural kärhanalary türkmen bazarynyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin, özleriniň tehnologik çözgütlerini hödürlemäge taýýar. Öz gezeginde, Swerdlowsk oblasty-da Türkmenistandan önüm satyn almaga uly gyzyklanma bildirýär.

«Bu özara peýdaly hyzmatdaşlykdyr, ol hemişe ynançly gatnaşyklar ýola goýlanda, ýüze çykýar. Biz gepleşik üçin ilkinji ädimi ätdik diýip hasaplaýarys; indi bilelikde işlemek üçin, indiki ädimi ätmeli» diýip, D. Ionin belledi.

Sapardan alan şahsy täsirleri baradaky gürrüň berende, rus wekiliýetiniň ýolbaşçysy türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbine we gözelligine tüýs ýürekden haýran galýandygyny bildirdi we şäheriň infrastrukturasynyň garaşylanyndan-da has ýokarydygyny nygtady.

Jemläp aýdylanda, Swerdlowsk tarapy bilelikdäki önümçilik halkalaryny öwrenmek üçin, öňümizdäki tomusda geçiriljek nobatdaky «Innoprom» halkara senagat sergisine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň ministrlikleriniň, müdirlikleriniň we senagat kärhanalarynyň giňeldilen wekiliýetini çagyrdy.