2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda sportuň futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.
Berkarar Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly aprel aýynyň ilkinji ýekşenbesinde ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň döwrebap atçylyk sport toplumynda hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi.
Şu ýylyň birinji çärýeginiň jemlerini jemläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ösüş depginlerine ýokary baha berdi hem-de milli senenamadaky möhüm senä ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwar – mart aýlarynda ýangyç-energetika toplumynyň (ÝET) işi baradaky hasabaty diňledi. Pudak ähli esasy ugurlar boýunça meýilleşdirilen meýilnama boýunça görkezijileri ep-esli artyk ýerine ýetirdi.