Ï Buhara teatry V halkara teatr festiwalynda «Melikäniň gözýaşlary» sahna oýnuny görkezdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Buhara teatry V halkara teatr festiwalynda «Melikäniň gözýaşlary» sahna oýnuny görkezdi

view-icon 12
Buhara teatry V halkara teatr festiwalynda «Melikäniň gözýaşlary» sahna oýnuny görkezdi

Şu günler Türkmenistanda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly Gazagystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Ermenistanyň döredijilik toparlarynyň sahna eserleri bilen tomaşaçylary tanyşdyrmagy dowam etdirýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda Özbegistanyň Buhara döwlet sazly drama teatrynyň gyrgyz ýazyjysy Sultan Raýewiň «Şazadanyň gözýaşlary» atly dramasynyň esasynda sahnalaşdyrylan «Melikäniň gözýaşlary» («Dodhoh») sahna oýny görkezildi. Sahna oýnunyň režissýory Laziz Nawruzow.

Sahna oýnunyň wakalary dünýä taryhyna «Alaý şa zenany» we «Günortanyň melikesi» atlary bilen giren gaýduwsyz zenan Kurmanžan-datkanyň durmuşynyň çylşyrymly döwürleri barada gürrüň berýär. Ol Merkezi Aziýada iň ýokary «datka» derejesine mynasyp bolan ýeke-täk zenan hökümdar bolup, bu dereje general harby derejesine deň hasaplanypdyr. Oňa bu dereje Kokant hanlygy we Buhara emirligi tarapyndan berlipdir. Pars dilinden terjime edilende «adalatly» ýa-da «kazy» manysyny berýän «dodhoh» derejesiniň özi hem XIX asyrda ýaşap geçen bu meşhur taryhy şahsyýetiň ähmiýetini açyp görkezýär. Baş gahrymanyň keşbini sahnada aktrisa Nafisa Saidowa janlandyrdy.

Sahna hereketleri bir görnüşden beýleki görnüşe özgerýän çeper bezeg giňişliginde bolup geçýär. Olar käte geçmesi kyn daglary, käte bolsa suw giňişligini ýada salýar. Guşlaryň, haýwan kelleleriniň we beýleki täsirli bezeg serişdeleriniň ulanylmagy şol gapma-garşylyklara baý döwrüň wakalaryny göz öňünde janlandyrýar. Sahnanyň burçlarynda oturan üç sany garry zenanyň ahy-nalalary, şeýle hem kä peýda bolup, käte gözden ýitýän, kä gahrymany ruhlandyrýan, käte bolsa ony gorkuzýan syrly ykbal habarçysy sahna oýnuna aýratyn öwüşgin berýär. Ol Kurmanžanyň beýik söweşe tarap barýan ýolunda onuň bilen bile bolýar.

Eserde köp sanly dialoglaryň we monologlaryň goşgy görnüşinde, halk döredijiligine ýakyn çeper dilde ýazylmagy onuň dramatik täsirini has-da güýçlendirýär.

Sahna bezegçisi Farhod Hotamowyň işi hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Käbir sahna kompozisiýalarynda kölegeler teatrynyň elementleriniň ulanylmagy tomaşa aýratyn täsin we özüne çekiji öwüşgin berýär.

Sahna oýny tomaşaçylar we döredijilik işgärleri tarapyndan örän gyzgyn garşylandy. Çykyş şowhunly el çarpyşmalar we gül desseleri bilen utgaşdy. Ýurdumyzda eýýäm bäşinji gezek geçirilýän halkara teatr festiwaly tejribe alyşmak we dostlukly duşuşyklary geçirmek üçin möhüm döredijilik meýdançasy hökmündäki ornuny ýene-de bir gezek tassyklady. Sahna oýnuna Türkmenistanyň halk artisti, belli teatr režissýory Kakajan Aşyrow hem tomaşa etdi. Myhmanlar onuň bilen ýadygärlik surata düşdüler.