Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi berkarar Watanymyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda giňden tutulýan, sahawatly türkmen topragynyň egsilmez rysgal-berekedini alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Hormatly Prezidentimiz!
Ekerançylyk medeniýetiniň dünýäde ilkinji kemala gelen ojaklarynyň biri bolan türkmen topragy müňýyllyklaryň dowamynda sahawatlylygy, hasyllylygy bilen şöhratlanyp gelýär. Änew, Jeýtun, Marguş ýaly gadymy medeniýetleriň taryhy Türkmenistanda ekerançylygyň örän irki döwürlerde kemala gelendigine şaýatlyk edýär. Änew düzlüginde ýüze çykarylan, bäş müň ýyllyk taryhly bugdaý däneleri bolsa türkmen topragynyň ak bugdaýyň gadymy mekanydygyny äleme ýaýdy.
«Daýhandan hereket — ýerden bereket», «Çekseň zähmet — ýagar rehnet», «Zähmet soňy — rehnet» diýen pähimli jümleler hem zähmetsöýer halkymyzyň topragy mukaddeslik, bugdaýy rysgal, çöregi bereket hasaplaýandygyny äşgär görkezýär. Şoňa görä-de, Hasyl toýy halkymyzyň durmuşynda aýratyn orny eýeleýän, nesilleriň zähmetsöýerlik we watançylyk däpleriniň dowamatlylygyny üpjün edýän baýramdyr. Ol ýylyň dowamynda mele topraga maňlaý derini siňdiren babadaýhanlarymyzyň yhlasynyň ýerine düşendigini, sahawatly türkmen topragynyň rysgal-berekediniň halkymyzyň saçagyna dolandygyny alamatlandyrýar.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Täze taryhy döwürde ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen daýhançylyk tejribesiniň häzirki zaman ylmynyň we tehnikasynyň gazananlary bilen utgaşdyrylýandygy bizi örän buýsandyrýar. Siziň baştutanlygyňyzda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, onuň ykdysadyýetdäki ornuny has-da pugtalandyrmak, oba zähmetkeşleriniň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin zerur şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, oba hojalyk önümçiligini sanlylaşdyrmak, takyk ekerançylyk ulgamyny ösdürmek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler häzirki döwürde pudagyň ösüşiniň möhüm şertleri bolup durýar.
Oba hojalyk pudagynyň ylmy esasda ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilmegi hem guwandyryjy ýagdaýdyr. Siziň başlangyjyňyz bilen däneçilik, ekerançylyk we pagtaçylyk ugurlary boýunça ylmy-barlag düzümleriniň döredilmegi, seçgiçilik we tohumçylyk işleriniň ösdürilmegi, ýokary hasylly hem-de ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän täze sortlaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bu ugurdaky özgertmeleriň netijelidigini görkezýär. Bereketli Diýarymyzda güýzlük bugdaýyň «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» ýaly täze sortlarynyň döredilmegi milli oba hojalyk ylmynyň gazananlarynyň aýdyň beýanydyr.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
«Daýhan baýasa, döwlet baýar» diýen pähimde halkymyzyň çuňňur durmuş pelsepesi jemlenendir. Çünki daýhanyň halal zähmetinden kemala gelýän bol hasyl halkymyzyň rysgal-berekedidir, Watanymyzyň ykdysady kuwwatydyr, azyk howpsuzlygynyň ygtybarly binýadydyr. Türkmen topragynyň sahawaty bugdaýyň we «ak altynyň» bol hasyly bilen birlikde, gök-bakja önümleriniň, miweleriň, ir-iýmişleriň, şalynyň, gant şugundyrynyň, maldarçylyk we guşçulyk önümleriniň bolçulygynda-da öz beýanyny tapýar. Siziň pederlerimiziň gymmatly mirasyny döwrebap önümçilik tejribeleri bilen baýlaşdyrmak ugrundaky tagallalaryňyz ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň görnüşlerini hem-de möçberini artdyrmak, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, bazarlarymyzy we dükanlarymyzy ekologiýa taýdan arassa önümler bilen bolelin üpjün etmek boýunça amala aşyrýan netijeli işleriňizde aýdyň ýüze çykýar. Eziz Diýarymyzda giňden tutulýan Hasyl toýy bolsa halkymyzyň agzybirliginiň, zähmetsöýerliginiň, milli däp-dessurlara ygrarlylygynyň dabaralanmasydyr.
Hormatly Prezidentimiz!
Sizi merdana daýhanlarymyzyň halal zähmetiniň miwesini dabaralandyrýan Hasyl toýy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň azyk bolçulygyny we abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen asylly tagallalaryňyzda mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, sahawatly türkmen topragynyň berekedi egsilmesin! Ene ýerimiziň sahawaty, halkymyzyň agzybirligi hem-de zähmetsöýerligi Garaşsyz Watanymyzyň ösüşleriniň mizemez binýady bolup hyzmat etsin!
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.