Eziz watandaşlar!
Edermen daýhanlar!
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda daýhanlaryň çekýän halal we gaýratly zähmetiniň, nygmata baý türkmen topragynyň berekediniň şanyna uludan tutulýan Hasyl toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurdumyzda ekerançylyk meýdanlaryny özleşdirip, ekinlerden bol hasyl alyp, azyk bolçulygyna goşant goşmakda, milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde alyp barýan asylly işleriňizde size uly üstünlikleri, berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny arzuw edýärin.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda il agzybirligi bilen uludan bellenilýän Hasyl toýy merdana halkymyzyň ata Watanymyzy gülletmekde çekýän halal zähmetine, ene topragymyzyň eçilýän bol hasylyna goýulýan belent sarpadan nyşan bolup, bu baýramçylyk daýhanlary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar, ata Watana, ene topraga bolan söýgülerini goşalandyrýar. Munuň özi türkmen daýhanlarynyň ýylboýy çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan hormatdyr.
Eziz watandaşlar!
Hormatly oba hojalyk işgärleri!
Häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, tohumçylyk işini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Guşçulygy we maldarçylygy ösdürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak bilen bagly wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Agzybirlikde çekilen zähmetiň soňy hemişe rehnet getirýär. Oba hojalyk pudagynyň işiniň sazlaşykly ýola goýulmagy netijesinde şu ýyl gallaçy daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Guşgursak bugdaý hasyly mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir.
Ata-babalarymyzyň «Ýer daýhany dabanyndan tanarmyş» diýen ýaly parasatly sözleri toprak bilen bagry badaşan türkmen daýhanynyň yhlasynyň ýer bilen berk baglanyşyklydygyna şaýatlyk edýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň oba hojalyk işgärleriniň çekýän yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde sahawatly türkmen topragynda ekinleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär, azyk bolçulygy has-da pugtalandyrylýar. Edermen gallaçy, pagtaçy daýhanlarymyz bolsa döwlet tarapyndan berilýän kömek-goldawlaryň netijesinde bereketli türkmen topragyndan bol hasyl öndürmekde ähli gujur-gaýratyny gaýgyrman, ak ýürekden, halal zähmet çekýärler, täze-täze üstünlikleri gazanýarlar.
Merdana oba zähmetkeşleri!
Ýurdumyzyň oba senagat toplumynyň ösdürilmeginde öz tejribesini, bilimini we başarnygyny Watana hyzmat etmäge bagyşlan kärendeçileriň, pagtaçylaryň, gallaçylaryň, mehanizatorlaryň, alym-agronomlaryň, seçgiçileriň, bakjaçylaryň, bagbanlaryň we beýleki hünärmenleriň ýokary öndürijilikli işlemekleri, bereketli toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamaklary üçin giň şertler döredilýär. Oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek, onda ýola goýlan işleri döwrebaplaşdyrmak hemişe döwletiň üns merkezinde durýar.
Oba hojalykçylar üçin häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary, enjamlary we gurallary mundan beýläk hem yzygiderli satyn alnar. Topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen ýeterlik üpjün ediler. Önüm öndürijiler tarapyndan tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçiriler. Döwletimiziň döredýän mümkinçiliklerini, goldaw-kömeklerini, ýeňilliklerini ýakyndan duýup, zähmet çekmek üçin ähli tagallalar ediler. Türkmen daýhanynyň zähmetine mynasyp baha berilmegine aýratyn üns berler. Bereketli toprakdan bol hasyl almagy başarýan edermen daýhanlarymyza halal zähmeti bilen baýamagy, çekýän zähmetiniň hözirini görüp, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin geljekde-de döwletimiz tarapyndan ähli şertler dörediler.
Edermen hasyl ussatlary!
Eziz watandaşlar!
Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen topragynyň rysgal-berekediniň şanyna tutulýan Hasyl toýy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, ata-babalarymyzyň bize miras goýan daýhançylyk däplerini mynasyp dowam etdirip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutanýerli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, sahawatly türkmen topragynyň berekedi hiç haçan egsilmesin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.