11.05.2026
Müsüriň Ismailiýa şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça ýaşlar dünýä çempionaty Türkmenistan üçin uly ýeňiş getirdi: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ikinji ýyl talyby Anamjan Rustamowa 86 kilograma çenli agram derejesinde iki altyn medal gazanyp, dünýä çempiony diýen ada mynasyp boldy.