Ï Türkmenistanly türgenler 2026-njy ýylyň on aýynda 590 medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly türgenler 2026-njy ýylyň on aýynda 590 medal gazandylar

view-icon 17
Türkmenistanly türgenler 2026-njy ýylyň on aýynda 590 medal gazandylar

Şu ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynda ýurdumyzyň sport ussatlary halkara ýaryşlarda 179 altyn, 188 kümüş we 223 bürünç medala mynasyp bolmak bilen, jemi 590 medal gazandylar. Bu barada 2026-njy ýylyň on aýynda ýurduň sosial-ykdysady ösüşiniň jemlerine bagyşlanan hökümet maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Mämmedow aýtdy.

Görkezilen döwürde bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça iş alnyp barlandygy-da bellendi. Türkmen türgenleri iri ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezmek bilen, oktýabr aýynda 36 medal gazandylar. Şeýlelikde, şu ýylyň on aýynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň umumy medal sany 590-a ýetdi.

Hasabaty diňläninden soň, hormatly Prezidentimiz ylmy, bilimi, saglygy goraýşy we sporty mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady we wise-premýere bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagy, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegi we sporty ösdürmegi tabşyrdy.