05.05.2026
«Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy eýýäm birnäçe ýyl bäri, tutuş ýurdumyzyň uruş weteranlaryny, tylda zähmet çeken ildeşlerimizi we özleriniň edermen zähmeti bilen Beýik Ýeňşi ýakynlaşdyranlaryň ählisi hem hormat bilen ýatlanylýan maý günlerinde, gahryman watandaşlarymyz baradaky ýazgylary öz sahypalarynda ýerleşdirip, olaryň geçen çylşyrymly durmuş hem-de söweş ýoly barada gürrüň berýär.