Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) XXVII opera günleri mynasybetli dabaraly konsert geçirildi.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda kompozitor Aýna Şirowanyň awtorlyk konserti uly üstünlik bilen geçdi. Zalda oturmaga ýer galmady, özi-de, tomaşaçylaryň arasynda çagalar örän köp boldy.
Şu ýylyň ýanwar – aprel aý aralygynda Türkmenistanyň türgenleri halkara ýaryşlarynda jemi 169 medala mynasyp boldular. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow 2026-njy ýylyň dört aýyndaky durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda habar berdi.