Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Türkmenistanda logistika ulgamynda möhüm waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary – Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Maslahatyň esasy meseleleriniň biri 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisine taýýarlyk boldy.