Ylym
20.11.2025
3911
Tbiliside Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahaty gurady. Çärä türkmen wekiliýeti, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň, Ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
20.11.2025
3586
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary Saud Arabystan Patyşalygynda okuw saparynda boldular
2025-nji ýylyň 16-20-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary Saud Arabystan Patyşalygynyň Daşary işler ministliginiň ýanyndaky Şazada Saud Al-Faýsal adyndaky Diplomatik barlaglary institutynda okuw saparynda boldular.
20.11.2025
3544
Pariž şäherinde “Türkmen-fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsiniň şertlerinde wehimler we mümkinçilikler” atly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Pariž şäherindäki Fransiýanyň Halkara we strategik barlaglar instituty – IRIS-iň maslahatlar zalynda «Türkmen-fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsiniň şertlerinde wehimler we mümkinçilikler» atly maslahat geçirildi. Çäre IRIS we Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihansy bilen bilelikde gurnaldy.
20.11.2025
2419
«Beýik zady öwredýärin» we «Beýik zady öwrenýärin» atly rus dili boýunça okuw maksatnamasyna badalga berildi
17 – 22-nji noýabr aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda bilim taslamalarynyň – daşary ýurtly rus dili mugallymlary üçin «Beýik zady öwredýärin» hem-de talyplar üçin «Beýik zady öwrenýärin» atly rus dili mekdebiniň okuw maksatnamasynyň çäklerinde okuwlar geçirilýär.
19.11.2025
2793
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekilleri gaýtadan dikeldilýän we kiçi energiýa boýunça halkara maslahata gatnaşdylar
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary 13 – 14-nji noýabrda «Moskwa energetika instituty» milli barlaglar uniwersitetinde («MEI» MBU) geçirilen «Gaýtadan dikeldilýän we kiçi energetika – 2025» atly XXII halkara ylmy-amaly maslahata onlaýn arkaly gatnaşdylar.
19.11.2025
2391
«Lu Banyň ussahanasy» atly halkara bilim taslamasynyň mümkinçilikleri we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary HHR-niň Ninbo şäheriniň Politehniki uniwersitetinde geçirilen «Lu Banyň ussahanasy» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşdylar.
18.11.2025
2822
Türkmen wekiliýeti Hytaýyň Dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi
14 – 16-njy noýabr aralygynda Pekinde geçirilen hytaý dili boýunça Bütindünýä maslahatyna gatnaşmagynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Hytaýyň Dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň (CLEC) direktory bilen iş duşuşygyny geçirdi.
17.11.2025
3519
«Sanly çözgüt – 2025» atly innowasion taslama bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
14-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynda «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahat we sergi tamamlandy.
17.11.2025
3265
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby «Türki halklaryň iň oňat talyby» diýen halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh hünäri boýunça IV talyby Zyýada Ýusupowa «Türki halklaryň iň oňat talyby» diýen halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy.
17.11.2025
2902
Beýik Britaniýanyň uniwersitetiniň professorlary Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda boldular
Beýik Britaniýanyň Nottingem uniwersitetiniň professorlary Martin Sewior we Sara Han Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna bardylar.