mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

22.11.2025

total-veiw

5090

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň görkezmeleri esasynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işleriň çäklerinde işlenip taýýarlanylan birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

22.11.2025

total-veiw

59439

Türkmenistanyň KANUNY Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 131 845,1 mln. manat möçberinde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 36 500,0 mln. manat möçberinde tassyklamaly.

news-photo

22.11.2025

total-veiw

4166

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda halkara çäreleriň geçiriljek binalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy.

news-photo

22.11.2025

total-veiw

4880

Bütindünýä çagalar güni mynasybetli guralan çäre

Paýtagtymyzda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli “Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljegiň bähbidine hemmetaraplaýyn goldaw” ady bilen çäre geçirildi. 

news-photo

22.11.2025

total-veiw

4789

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli bäsleşik geçirildi

Türkmen halky bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda dünýä ýaň salýan ençeme döwletleri döredip, umumadamzat gymmatlyklaryna uly goşant goşdy.

news-photo

22.11.2025

total-veiw

5265

Türkmenistan wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça maksatlaýyn işleri alyp barýar

21-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanda wirtual aktiwleri düzgünleşdirmegiň we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» taslamasy barada hasabat berdi.

news-photo

22.11.2025

total-veiw

3626

Türkmenistanyň futbol boýunça 18 ýaşa çenli gyzlar ýygyndy topary CAFA-nyň çempionatyna gatnaşýar

Şu gün Daşkentde badalga alan 18 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçirilýän Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatynda Türkmenistanyň milli gyzlar ýygyndysynyň düzüminde 20 futbolçy çykyş eder.

news-photo

22.11.2025

total-veiw

3167

Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndy topary 2026-njy ýyl Aziýanyň Kubogynyň saýlama ýaryşynda çykyşyna başlaýar

Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndy topary ýetginjekler toparlarynyň (17 ýaşa çenli) arasynda geçýän 2026-njy ýyl Aziýanyň Kubogynyň saýlama ýaryşyndaky çykyşyny şu gün Kuweýtiň ýygyndysyna garşy duşuşyk bilen başlaýar.

news-photo

22.11.2025

total-veiw

3523

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» AGPJ Howa ýük daşamalarynyň halkara assosiasiýasynyň işjeň agzasy derejesine eýe boldy

21-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagyny ösdürmek we logistika mümkinçiliklerini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

...3296