Ï Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli bäsleşik geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli bäsleşik geçirildi

view-icon 2183
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli bäsleşik geçirildi

Türkmen halky bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda dünýä ýaň salýan ençeme döwletleri döredip, umumadamzat gymmatlyklaryna uly goşant goşdy. Ýurdumyzda geçirilýän gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde türkmen topragy iň gadymy siwilizasiýalaryň dörän mekany hökmünde ykrar edildi. Diýarymyzda hereket edýän muzeýleriň baý gaznalary bolsa muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

21-nji noýabrda şeýle baý gaznalaryň gymmatly goruna eýe bolan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasy» atly referat ýazmak boýunça guralan bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşige işjeň gatnaşan ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň hatarynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň hem Hormat haty bilen sylaglanmagy bolsa şol ýokary okuw mekdebiniň talyplary hökmünde biziň buýsanjymyzy, baýramçylyk şatlygymyzy goşalandyrdy. Şeýle hem bäsleşikde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Didar Rejepgeldiýew 1-nji orna mynasyp boldy.

Dabarada çykyş edenler halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny gorap saklamak, baýlaşdyrmak hem-de dünýä ýaýmak we bu işlere türkmen ýaşlarynyň hem goşant goşmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.