27.05.2024
4450
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
27.05.2024
3688
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna milli baýram — Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
27.05.2024
6314
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylyň 10-njy iýuny — 9-njy iýuly aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.
27.05.2024
4842
«Energetik» futbol topary «Nebitçi» toparyny utdy
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçýän Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 18-nji tapgyrynyň Balkanabatda ýerli «Nebitçi» topary bilen Mary şäheriniň «Energetik» toparynyň arasyndaky duşuşygy garaşylmaýan netije bilen tamamlandy.
27.05.2024
6145
«Hindi söýgüsi» sahna oýny A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda hindi dramaturgy Gopalakrişna Paraçuriniň pýesasy esasynda «Hindi söýgüsi» sahna oýnunyň görkezilişi boldy.
27.05.2024
6426
Türkmen oba hojalyk instituty Genetika dersi boýunça II internet olimpiadanyň ýeňijilerini yglan etdi
Türkmen oba hojalyk instituty Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen Genetika dersi boýunça II internet olimpiadanyň netijelerini yglan etdi.
27.05.2024
6269
«Türkmentelekom» topary maglumat howpsuzlygy boýunça halkara kiber çempionatynda ýeňijileriň üçlügine girdi
«Russiýanyň sanly senagat industriýasy» maslahatynyň çäklerinde kiberdurnuklylygyny barlamak we halkara derejesinde tejribe alyşmak üçin onlaýn bäsleşik geçirildi.
27.05.2024
4332
Türkmenistanda yssy howanyň bolmagyna garaşylýar
Maý aýy tamamlanyp gelýär we tomus paslynyň howasy ýuwaş-ýuwaşdan bat alýar. Hepdäniň dowamynda Türkmenistanda +38 gradus yssy howa bolar diýlip çak edilýär. Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bulutly howa bolar.
27.05.2024
5635
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 64 million dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.
27.05.2024
6195
Magtymguly hakynda täze çeper film surata düşürilýär
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde beýik akyldar şahyryň ömür we döredijilik ýolunyň ähli basgançaklaryny öz içine alýan «Magtymguly» atly iki bölümden ybarat çeper film surata düşürilýär.