28.05.2024
4597
Galyndylardan öndürilen önümleriň döredijilik bäsleşigi
5-nji iýunda bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy we «Dizaýn plýus» döredijilik birleşigi galyndylardan öndürilýän önümleriň täze bäsleşigini yglan edýär. Oňa höwesek her kişi gatnaşyp biler.
28.05.2024
4676
Saparmyrat Ödäýew Bangkokda geçirilýän Olimpiýa oýunlaryna saýlama boks ýaryşynda ikinji tapgyra çykdy
Türkmen türgenleri Bangkokda geçirilýän ikinji Bütindünýä Olimpiýa oýunlaryna boks boýunça saýlama ýaryşynda ikinji ýeňşini gazandylar. Bu üstünligi balkanabatly 23 ýaşly Saparmyrat Ödäýew gazandy.
28.05.2024
5612
Türkmenistanda gender deňligi boýunça Milli Hereketleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik geçirilýär
2024-nji ýylyň 7-nji maýyndan 6-nji iýunyna çenli Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy we ÝHHG-niň Merkezi bilen bilelikde 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda gender deňligi boýunça Milli Hereketleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik boýunça Aşgabatda we welaýatlarda birnäçe «Tegelek stol» duşuşygyny geçirýär.
28.05.2024
4150
«Energetiki geçiş — geljegiň energiýasy» atly sergi energiýa üpjünçiligine bagyşlanýar
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ilçihanasy Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi bilen bilelikde türkmen paýtagtynyň ilatyny hem myhmanlaryny «Energetiki geçiş — geljegiň energiýasy» atly göçme sergä çagyrýar.
28.05.2024
7767
Türkmen alymlary seýrek dermanlyk ösümliklerini köpeltmek üçin biotehnologiýany ulanýarlar
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň umumy we amaly biologiýa institutynyň alymlary seýrek dermanlyk ösümliklerini öndürmekde häzirki zaman biotehnologiýalaryny ulanmak ugrunda ylmy agtaryşlar geçirýärler.
28.05.2024
5999
Türkmenistanyň futbolçylary Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna taýýarlanýarlar
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanşygyna gidip, ol ýerde 4-nji iýuna çenli Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrynda Özbegistanyň we Gonkongyň toparlary bilen boljak duşuşyklara taýýarlyk görerler.
28.05.2024
5624
«Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň guşçulyk toplumynda işler gyzgalaňly alnyp barylýar
Şu günlerde Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň guşçulyk toplumynda işler gyzgalaňly alnyp barylýar.
28.05.2024
5046
Galla oragy möwsümi guramaçylykly geçiriler
Lebap welaýatynyň gallaçy-kärendeçileri ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmegiň hem-de yhlasly zähmetiň netijesinde 130 müň gektar ýerde bugdaýyň bol hasylyny kemala getirdiler.
28.05.2024
5458
1-nji iýundan Aşgabat bilen Awazanyň arasynda awtobus gatnawy ýola goýlar
«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 1-nji iýundan başlap Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugurlary boýunça gündelik awtobus gatnawyny ýola goýar.
28.05.2024
4842
Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýede ýer dolandyryş usullary bilen tanyşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak we çölleşmä garşy göreş tejribesi bilen tanyşmak üçin Türkiýede bolýar.