Hyzmatdaşlyk
19.05.2026
1727
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä şäherler forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşýar
2026-njy ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-Habitat tarapyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti bilen bilelikde guralan Bütindünýä şäherler forumynyň On üçnji mejlisine (WUF13) gatnaşýar.
18.05.2026
4169
Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy
2026-njy ýylyň 17–18-nji maýynda Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanda bellenip geçilýän milli baýramy — Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy.
18.05.2026
1636
Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sebit Meýilleşdiriş Geňeşiniň 36-njy mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 17-nji maýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Sebit Meýilleşdiriş Geňeşiniň (SMG) 36-njy mejlisi geçirildi. Çäre gibrid görnüşinde guralyp, ol Pakistan Yslam Respublikasynyň başlyklyk etmeginde 2026-njy ýylyň 20-nji maýyna çenli dowam eder.
16.05.2026
2653
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary
2026-njy ýylyň 13-15-nji maýy aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory B. Atamanowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherine iş sapary amala aşyryldy.
15.05.2026
2690
Buharestde konsullyk meseleleri boýunça türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Buharest şäherinde Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde geňeşmeler geçirildi.
15.05.2026
3861
Türkmenistanyň wekiliýeti FAO-nyň Sebitleýin maslahatynyň 35-nji mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 11–12-nji maýynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO)Ýewropa boýunça Sebitleýin maslahatynyň 35-nji mejlisine gatnaşdy.
15.05.2026
2230
Türkmen halkynyň Milli Lideri yslam dünýäsiniň «akylly» şäherler diplomatiýasy başlangyjy bilen çykyş etdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan şäheriniň «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň forumyna gatnaşyjylara ýüzlenip, şäher gurluşygy we ýokary tehnologiýalar ulgamynda ýurtlaryň arasynda hünär alyşmagyň täze gurallaryny döretmegi teklip etdi.
15.05.2026
1712
Türkmen halkynyň Milli Lideri yslam mirasyny gorap saklamak boýunça ICESCO-nyň Strategiýasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan şäheriniň «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlary öňe sürdi.
15.05.2026
1752
Türkmenistanyň wekilýetiniň Uganda Respublikasyna sapary barada
2026-njy ýylyň 10-15-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Uganda Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanan Ýoweri Kaguta Museweniň ýokary döwlet wezipesine resmi taýdan girişmegi mynasybetli geçirilen dabara gatnaşmak maksady bilen Kampala şäherinde saparda boldy.
14.05.2026
1099
«Russiýademirýollary» (RDÝ) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisiniň çäklerinde «Russiýademirýollary» (RDÝ) AGPJ-niň baş direktorynyň birinji orunbasary Sergeý Pawlow Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meýilleri barada gürrüň berdi.