Hyzmatdaşlyk
04.11.2023
6653
Aşgabatda Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça Milli ýaşlar maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Ilçihanalary bilen hyzmatdaşlykda Howanyň üýtgemegi boýunça Milli ýaşlar maslahatyny gurady.
04.11.2023
5450
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary TDG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Astanada Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
04.11.2023
5494
Türkmen gümrük işgärleri Bütindünýä gümrük guramasynyň Hemişelik tehniki komitetiniň mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Bütindünýä gümrük guramasynyň Hemişelik tehniki komitetiniň Brýusselde geçirilen 241-nji we 242-nji mejlislerine gatnaşdy.
03.11.2023
15603
Aşgabatda «Daewoo E&C»-yň şahamçasy açyldy
Aşgabatda «Daewoo Engineering & Construction Co.»-nyň – Koreýa Respublikasynyň dürli bazarlarda inženerlik we binagärlik-gurluşyk hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürleýän iň uly gurluşyk kärhanalarynyň biriniň şahamçasynyň açylyşy boldy. Bu kärhana dünýäniň onlarça ýurdunda iş alyp barýar we 13 ýurtda şahamçasy bar.
03.11.2023
6796
Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň ýurtlarynyň 2024-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny kabul etmek baradaky teklibi öňe sürdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitindäki çykyşynda Türki Döwletleriň Guramasynyň ýurtlarynyň 2024-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny kabul etmek baradaky teklibi öňe sürdi.
02.11.2023
6019
“Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumy: işewürlik geňeşleriniň mejlisleri
Şu gün “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde “Türkmenistan — Koreýa Respublikasy” işewürlik geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi.
02.11.2023
4520
BMG-niň döredilmeginiň 78 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk
2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 78 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi.
02.11.2023
4516
Türkmenistan bilen UNOPS-yň hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirliginiň (UNOPS) köp ýurtly edarasynyň direktory Freýa fon Grooteniň arasynda gepleşikler geçirildi.
02.11.2023
4794
Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy
2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisine gatnaşmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada sapar bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
02.11.2023
6990
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda “Ýol kartasyna” gol çekildi
2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda, “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň Daşary işler ministrleriniň 16-njy mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň we B.Saidowyň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna (“Ýol kartasyna”) gol çekişlik dabarasy geçirildi.