Hyzmatdaşlyk
03.05.2022
6416
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen XV Bütindünýä tokaý Kongressa gatnaşdy
2022-nji ýylyň 2-nji maýynda Seul şäherinde ministrler derejesindäki XV Bütindünýä tokaý Kongressi öz işine başlady. Kongressiň açylyş dabarasyna Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In hem gatnaşdy.
30.04.2022
6826
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Birleşen Arap Emerliklerinde duşuşyklar geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BAE-niň Abu-Dabi şäherine sapar bilen gitdi.
29.04.2022
6887
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ysraýyl Döwletiniň Ilçisi bilen duşuşdy
2022-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistandaky Ysraýyl Döwletiniň täze bellenen Ilçisi hanym Bet-Iden Kaýt bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
29.04.2022
7726
Türkmen – italýan hyzmatdaşlygy
Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekow Italiýanyň köp barylýan sebitleriniň biri Wenetonyň gubernatorynyň edarasy bilen onlaýn duşuşyk geçirdi.
28.04.2022
4269
Mongoliýanyň Prezidenti hormatly Prezidentimizi diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny ýollady
Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh hormatly Prezidentimizi Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny ýollady.
28.04.2022
3712
Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň ýokary derejeli bilermenler missiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
2022-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Statistika boýunça edarasynyň Demografiki statistika bolüminiň başlygy Srjan Mrkiç bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
27.04.2022
7020
Türkmenistanyň UNESCAP bilen özara hereketleriniň ugurlary ara alnyp maslatlaşyldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana bilen duşuşygy geçirildi.
27.04.2022
8462
Türkmenistan ukrain halkyna ynsanperwer kömegini ýollar
Türkmen halkynyň ynsanperwerlik däplerine esaslanyp Türkmenistan şu ýylyň aprelinde ukrain halkyna ynsanperwer kömegini ýollar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
26.04.2022
6494
Gazagystanyň Ilçisiniň Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy geçirildi
2022-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistana täze belenen Ilçisi Askar Tažibaýew bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
23.04.2022
6366
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine toparyň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, onuň Sekretariaty hakynda Düzgünnamanyň taslamasy, şeýle-de geljek döwür üçin işleriň meýilnamasy boýunça meseleler girizildi.