mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hyzmatdaşlyk

news-photo

30.08.2022

total-veiw

6116

Türkmenistanyň we Katar döwletiniň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Şu gün, 30-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Katar Döwletiniň Daşary işler ministri Muhammed ben Abdel Rahman Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

news-photo

22.08.2022

total-veiw

6575

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyna parahatçylyk we howpsuzlyk babatda kararnamalaryň üçüsini kabul etmegi teklip eder

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň geljekki 77-nji mejlisinde pugta we uzak möhletleýin parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek boýunça kararnamalaryň üçüsini kabul etmegi teklip eder.

news-photo

19.08.2022

total-veiw

9303

Türkmenistan ulag ulgamyndaky ählumumy başlangyçlary durmuşa geçirmäge girişýär

15-16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahat halkara ähmiýetli waka öwrüldi. 

news-photo

17.08.2022

total-veiw

7974

Ulag ulgamyna degişli halkara forumyň netijeleri boýunça brifing

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň “Berkarar” myhmanhanasynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň hem-de oňa gabatlanyp guralan çäreleriň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.

news-photo

17.08.2022

total-veiw

8645

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen maslahat dünýä bileleşigini ösüp barýan döwletleriň ulag ulgamyndaky maýa goýumlaryny artdyrmaga çagyrdy

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat dünýä bileleşigini ulag gatnawlaryny ösdürmekde her ýylky maýa goýumlaryny pesinden iki esse artdyrmaga çagyrdy.

news-photo

16.08.2022

total-veiw

8089

Türkmenistanyň başlangyçlary ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýar

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat öz işini tamamlady. “Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek” atly maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guraldy.

news-photo

16.08.2022

total-veiw

12349

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň Jemleýji Beýannamasy

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrleri hem-de ýokary wezipeli wekilleri 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda beýleki gyzyklanma bildirýän degişli taraplaryň, üstaşyr, ösüş boýunça hyzmatdaş ösüp barýan döwletleriň, Birleşen Milletler Guramasynyň, halkara, sebit hem-de sebitara guramalarynyň, sebit ösüş banklarynyň, seljermeler merkezleriniň, hususy bölümiň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşmagynda Awazada (Türkmenistan, Türkmenbaşy şäheri) ýüzbe-ýüz (hem-de wirtual görnüşde) duşuşdylar.

news-photo

16.08.2022

total-veiw

6917

Türkmenistan we BAE ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

2022-nji ýylyň 15-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda açylan ulag forumynyň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazruiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

news-photo

16.08.2022

total-veiw

8126

«Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeşdirmek» atly Halkara maslahaty öz işini dowam edýär

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki Halkara maslahaty öz işini dowam edýär.

news-photo

15.08.2022

total-veiw

5909

Türkmenistanyň Prezidenti ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi.

...444