Hyzmatdaşlyk
10.09.2021
7915
Ýurdumyzyň wekiliýeti VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy
10-njy sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti onlaýn tertipde VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezine Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýadan, Özbegistan Respublikasyndan wekilleri jemledi.
10.09.2021
4830
Sergeý Lawrow: Hazarýaka ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy şu gün täze derejä çykýar
Hazar ýurtlary häzirki wagtda gatnaşyklarynyň kanuny esaslaryny kämilleşdirýärler we sebitdäki gatnaşyklary täze derejä götermek bilen, syýasy gepleşikleri ösdürýärler. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň VI Hazar mediaforumyna gatnaşyjylara iberen gutlag hatynda aýdylýar. Haty Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa okady.
08.09.2021
3843
Owganystanyň goňşy döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
2021-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Owganystanyň goňşy döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Pakistan Yslam Respublikasynyň başlangyjy bilen guraldy.
08.09.2021
6818
Türkmenistan Owganystan boýunça ministrleriň köptaraplaýyn duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistan Owganystan boýunça ministrleriň köptaraplaýyn duşuşygy wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Bu ýurtdaky häzirki ýagdaýlar nobatdaky duşuşygyň esasy temasy boldy.
07.09.2021
5873
Türkmensitanyň Prezidentiniň Özbegistana geljekki saparynyň barşynda wajyp resminamalara gol çekiler
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakyn wagtda Özbegistan Respublikasyna boljak hökümet wekilýetiniň saparynyň barşynda ikitaraplaýyn möhüm resminamalara gol çekiler. Bu barada wideoaragatnaşygy arkaly geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow habar berdi.
05.09.2021
3277
Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen resminamalar BMG-niň BA-nyň 75-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edildi
2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Hazaryň türkmen kenarynda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Bu çäre bilen birlikde ýokarda agzalan Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Zenanlarynyň dialogy hem geçirildi.
05.09.2021
4165
Türkmenistan Owganystan boýunça dialogy işjeň goldaýar
Sebitiň ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Goňşy ýurtdaky ýagdaýlar bolsa onuň esasy temasy boldy. Duşuşyga Eýranyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Owganystan boýunça ýörite wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew wekilçilik etdi.
02.09.2021
4300
Türkmenistanyň wekiliýeti BAE bilen birnäçe gepleşik geçirdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Arap Emirliklerine saparynyň dowamynda birnäçe gepleşik geçirdi.
31.08.2021
4073
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Awstriýa Respublikasynyň wekilleri Owganystandaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle-de migrasiýa meselelerine jogapkär guramalarynyň wekilleriniň owgan meselesi boýunça onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi, diýip DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
27.08.2021
5783
Türkmenistanyň DIM-de Ýaponiýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi.