Hyzmatdaşlyk
23.04.2022
6668
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine toparyň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, onuň Sekretariaty hakynda Düzgünnamanyň taslamasy, şeýle-de geljek döwür üçin işleriň meýilnamasy boýunça meseleler girizildi.
23.04.2022
5498
«Merkezi Aziýa – Russiýa» formatda daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylarynyň bäşinji mejlisi geçirildi
2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatda Daşary işler ministrleriniň bäşinji mejlisi geçirildi.
17.04.2022
5947
Pudagara toparyň mejlisi
16-njy aprelde ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine pudagara toparyň 2021-nji ýylda alyp baran işleriniň netijeleri we şu ýyl üçin meýilleşdirilen işler baradaky meseleler girizildi.
16.04.2022
6326
«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatynda Daşary işler ministrleriniň sekezinji maslahaty geçirildi
2022-nji ýylyň 15-nji aprelinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatda Daşary işler ministrleriniň sekizinji maslahaty geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
14.04.2022
6809
Türkmenistanyň DIM-de MHG-nyň sebitleýin utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi
Şu gün, 14-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen sanly ulgam arkaly duşuşygy geçirildi.
14.04.2022
4634
Aşgabat-Baku: hyzmatdaşlyk pugtalanýar
Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Strategik barlaglar boýunça Merkeziniň ýolbaşçysy Şiri Şiriýew Azerbaýjan Respublikasynyň Diplomatik akademiýasynyň ösüş we diplomatiýa institutynyň trening-programmanyň ýolbaşçysy Nargiz Ismaýilowa bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi.
12.04.2022
9256
Türkmenistan — BMG: adam hukuklary ulgamynda hyzmatdaşlyk
Şu gün “Türkmenistanyň Konstitusiýasy — adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili” ady bilen utgaşykly görnüşde okuw maslahaty geçirildi.
12.04.2022
8855
Gender deňligini üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlyk
Şu gün sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň nobatdaky iş maslahaty geçirildi. Maslahat ýurdumyzyň 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde guraldy.
10.04.2022
7765
Türkmenistan — Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär
9-njy aprelde Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, ýurdumyza iş sapary bilen gelen Hökümet Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk bilen duşuşyk geçirildi.
09.04.2022
7387
2022-nji ýylda ýurdumyzda geçiriljek möhüm halkara çärelere taýýarlyk işleri dowam edýär
2022-nji ýylda eziz Diýarymyzda birnäçe möhüm halkara çäreler geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.