Hyzmatdaşlyk
02.03.2022
5957
Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasynda her ýyl geçirilýän maslahatlaşmalaryň nobatdaky tapgyry başlandy
2022-nji ýylyň 1-nji martynda göni wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry başlandy.
28.02.2022
6169
Türkmenistanda GDA-nyň Synçylar wekilligi öz işine başlady
Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar wekilligi öz işine başlady. Onuň agzalary Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça paýtagtymyza geldi.
28.02.2022
6070
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.
27.02.2022
5803
Türkmenistanyň dünýäniň 30 ýurdunda ýerleşen ilçihanalarynda we konsullyklarynda 41 sany saýlaw uçastoklary döredildi
Şu gün, 27-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik korpusy bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
26.02.2022
5731
«Gurluşlaýyn dialogyň» çäklerinde Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň ministrleriniň derejesinde gepleşikler geçirildi
2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk görnüşindäki «Gurluşlaýyn dialogyň» çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we Ösüş boýunça ministrliginiň Günorta we Merkezi Aziýanyň, BMG-niň we Arkalaşygyň işleri boýunça ministri Lord Tarik Ahmad bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Tükmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
26.02.2022
9556
Gyrgyzystanyň Baştutany indiki saýlanjak Prezidentiň Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlan ýoluny dowam etdirmegine umyt edýär
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow indiki saýlanjak Prezidentiň Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlan ýoluny dowam etdirmegine umyt edýär.
25.02.2022
5674
DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň saýlawlary geçirmekde ýardam bermek boýunça wekili bilen duşuşdy
2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň syýasy we parahatçylyk gurujylyk meseleleri boýunça Departamentiniň Saýlawlaryň geçirilmeginde ýardam bermek boýunça bölüminiň Direktory Kreýg Jenness bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
25.02.2022
4647
Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda «Gurluşlaýyn dialog» başlandy
2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk görnüşinde «Gurluşlaýyn dialog» başlandy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
24.02.2022
6608
Türkmenistan tarapyndan BSG-na goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesiniň alynmagy barada Ženewadan maglumat
2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) binasynda geçirilen BSG-niň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda BSG-niň döredilmegi hakynda Marakeş ylalaşygynyň XII maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň BSG-na goşulmagy baradaky arzasyna seredildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
23.02.2022
6792
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Russiýa Federasiýasynda resmi saparda boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça 2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde resmi saparda boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.